Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen dili boýunça bilim derejäňe özüň nähili baha berýärsiň?


Azatlyk Radiosynyň ýaşlar sahypasy – "Täze Tolkunda" Türkmen dili boýunça bilim derejäňe özüň nähili baha berýärsiň? – diýen manyda pikir soralyşyk geçirilýär. Şol pikir soralyşyga gatnaşyjylar meniň dil derejäm örän gowy, gowy, ortaça we erbet diýen görkezijilerden birini saylaýarlar.

Pikir soralyşyga gatnaşanlaryň şu wagta çenli beren jogaplaryndan (8-nji oktýabr) çen tutulsa, "dilim örän gowy" diýen adamlar berlen sesleriň diňe 12.5%-ini düzýär. "Gowy" diýýänler 37% we ortaça diýýänlerem 37%-ni düzýär. Olaryň arasynda 12.5 % töweregi bolsa "meniň dilim erbet" diýip jogap beripdirler.

Garaşsyzlyk eýýamynda türkmen dili ýurduň ýeke-täk resmi dili diýlip yglan edildi, metbugat türkmençe, hökümet dili türkmençe, hatda mekdeplerem türkmençeleşdirildi. Eýsem muňa garamazdan, käbir ýaşlar edebi türkmen dilinde geplemekde näme üçin kynçylyk çekýärler?

Bu mesele barada "Täze Tolkun" daşary ýurtlarda okap ýören türkmenistanly talyp Ahmet bilen söhbetdeş boldy. Ahmedem "dilim gowşak" diýýänlerden biri.

Azatlyk Radiosy: Ahmet, maşgalaň, tamamlan mekdebiň türkmen bolsa-da, türkmen edebi dilim gowşak diýýarsiň. Munuň sebäplerini nämede görýärsiň?

Ahmet: Mekdep döwürleri türkmen dilinde diňe sapaklarda talap edilýärdi, galan wagtlary öz ýerli dialektimizde gepleşýärdik. Ýerli dialekt diýmegim, ol Lebap welaýatyna mahsus bolan Lebap dialekti.

Azatlyk Radiosy: Size edebi türkmen dilini öwrenmäge päsgelçilik beren zat boldumy ýa-da özüňiz islemediňizmi?

Ahmet: Meniň pikirimçe, munuň sebäplerinden biri - türkmen diliniň garyplygy bolsa gerek. Mekdepde okan döwrümiz himiýa we fizika sapaklary boýunça okuw kitaplarynda sözlemler uzyndy, manysyzdy, käbirleri düşüniksizdi.

Bilmedim, belkem, şol wagtlar Bilim ministrligi kitaplaryň terjimesine kän üns beren däldir. Şol kitaplary okap, türkmen diliniň garypdygyna göz ýetirip bolýardy. Beýleki tarapdan, Lebap dialektinden galan aksentiň maňa Türkmenistana baryp, iş gözlejek wagtym päsgelçilik berjekdigine-de gözüm ýetip dur. Şonuň üçin men daşary ýurtda ýaşap ýörün, rus iňlis dilinde gepleşip ýörün, wagtymy gowy geçirýän, gowy ýaşaýan. Men türkmen diliniň zerurlygyny, onuň hiç peýdasyny göremok.

Azatlyk Radiosy: Eger siziň häzirki wagtda türkmen edebi dilini öwrenmäge mümkinçiligiňiz bolan bolsa, onda siz şol mümkinçilikden peýdalanardyňyzmy?

Ahmet: Dili öwrenmäge mümkinçilik häzirem bar, emma indi meniň öwrenmek islegim ýok. Häzirki wagtda meniň türkmen dili boýunça derejäm maňa tanyşlarym we dostlarym bilen pikir alyşmaga mümkinçilik berýär, şol hem ýeterlik diýip pikir edýän.
XS
SM
MD
LG