Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýurdumyz owadan, ýöne ýaşamaga mümkinçilik ýok"


Aýna: "Türkmen ynsanlaryny, aýal-gyzlary gorajak kanun diňe kagyz ýüzünde bar".
Aýna: "Türkmen ynsanlaryny, aýal-gyzlary gorajak kanun diňe kagyz ýüzünde bar".
Şu hepde düýbi Londonda ýerleşýän Uruş we Parahatçylyk maglumatlary institutynyň çap eden hasabatynda şu ýylyň ýanwar we sentýabr aýlary aralygynda Türkmenistandan 150 müňe golaý adamyň çykanlygy aýdylyp, olaryň 110 müňüniň ýurda dolanmajakdygy çak edilýär.

Edil şoňa çalymdaş maglumaty ýakynda Lebap welaýatynda geçirilen ýygnakda ýerli häkimler hem tassyklap, bir ýylyň dowamynda 111 müňden gowrak raýatyň ýurdy terk edendigini, olardan 34 müňüsiniň Lebap welaýatyndandygyny bellediler.

Häzirki wagta daşary ýurtda ýaşap ýören türkmenlerden birem Aýna. Ol iki ýyl gowrakdan bäri Türkmenistana barmandyr, onuň ýakyn wagtlarda ýurda dolanmaga islegem ýok. Onuň sebäpleri bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy Aýna bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aýna, ýakynda sentýabr-ýanwar aralygynda Türkmenistany terk eden türkmenleriň sany 110-150 müň töweregidigi, olaryň hem köpüsiniň ýurda dolanmak islemeýändigi barada maglumat çykdy. Sizi bu maglumat hem-de ýurtdan çykan adamlaryň sany geň galdyrdymy?

Aýna: Meni ol maglumat hiç hili geň galdyrmaýar. Çünki men beýle maglumaty dilden eşitsem-de, beýle bolup biljegine hakykatdan ynanýaryn. Hakykatdanam, ol ýerde hiç hili ýaşaýyş ýok. Ýöne ýurdumyz owadan, şäherimiz tämiz, oňa bir sözüm ýok. Ýöne o taýda ýaşamak üçin hiç hili mümkinçilik ýok.

Azatlyk Radiosy: Siziň özüňiz haçan we näme sebäpden Türkmenistandan gaýtdyňyz?

Aýna: Meniň Türkmenistandan gaýdanyma iki ýyl dört aý boldy we men ýurduň daşyna işlemek üçin çykdym. Meniň Türkmenistanda iň soňky işlän ýerim Änewiň nebit we gaz müdirligidi. Men işläp ýörän wezipemden sebäpsiz boşadyldym. Sebäbi şol wagt iki sany edara goşulyp, bir edara bolmaly edildi. Şonda dört sany başlyk işden boşadylmalydy, emma olaryň arasyna meni hem goşup, işden aýyrdylar. Meni nähak işden aýyrdylar diýip, suda ýüz tutdum. Sud meniň ýüz tutmama seretmedi, gaýtam günäni meniň üstüme atdy. Şonuň üçin hem men Türkmenistandan çykyp, iş gözlemäge mejbur boldum.

Azatlyk Radiosy: Daşary ýurtda näme bilen meşgullanýarsyňyz?

Aýna: Iki ýyl dört aýdan bäri men daşary ýurtda öý işlerini etmek bilen meşgullanýaryn. Biziň edýän işimiz ýaşymyza hem laýyk däl. Sebäbi agyr işleri buýurýarlar, üstesine-de, her hili kemsitmelere duçar bolýarys. Öýümiz bolmansoň, biriniň öýünde galmaly, biriniň hyzmatyny etmeli bolýarys. Her hili adamlar bar, her hili sözler aýdýarlar, türkmenler ogry ýa-da diliňe alyp bilmejek başga dürli zatlary diýýärler. Mysal üçin, meniň işleýän öýümde üç-dört türkmen aýaly işleýär, her öýde diýen ýaly işleýän birnäçe türkmen gelin-gyzlary bar. Olar gaty agyr şertlerde işleýärler.

Şu wagt biz 500-600 dollar aralygynda aýlyk alýarys. Ýöne on iki sagat durman işlemeli, käwagtlar gerek bolsa gijelerine-de birnäçe gezek ýerimizden turmaly bolýarys. Biziň işleýän işimiz şeýle. Meniň bilen işleýän aýal-gyzlar şeýle şertlerde işlemäge mejbur, meniň çagam ýok, emma olaryň her haýsynyň iki-üç sany çagasy bar. Meniň işleýän jaýymyň garşysyndaky jaýda Çärjewli bir aýal bar. Onuň iki sany çagasy bolup, biri bir ýarym ýaşyndaka Türkmenistandan çykypdyr. Ol men ýurda dolanyp biljek däl, sebäbi çagalarymy ulaltmaly, okatmaly, ol ýerde pulumyz ýok, näme edeýin, çagam eýýäm meni ýadyndan çykarandyr diýýär. Eger olar Türkmenistandan gelseler, onda duşuşyp bilerdiler, emma nädip gelsinler, olaryň mümkinçilikleri, ýagny pullary ýok.

Azatlyk Radiosy: Aýna, siziň ýurda dolanmak planyňyz barmy? Nähili şertler döredilende, Türkmenistana gaýdyp barardyňyz?

Aýna: Dogrymy aýtsam, men ýurda dolanmak islämok. Sebäbi o taýda seni gorajak hiç hili kanun ýok. Türkmen ynsanlaryny, aýal-gyzlary gorajak kanun diňe kagyz ýüzünde bar, onuň bardygyny men iňkär edemok, emma hakykatda, Türkmenistanda hiç hili kanun ýöränok. Ynha, meni hiç hili sebäpsiz işden çykardylar, atdylar, men sudlara ýüz tutdum, gaýtam Änew etrap sudunda işleýän aýal bar, ol hem günäni meniň üstüme atdy. Meniň hiç hili günäm ýok. Eger şu wagt meniň sözümi diňläp, eger gel şuny yzarlaly, gel, şuňa seredeli, onuň sözi dogrumyka diýip, maňa kömek etjek biri bar bolsa şol taýda, kanuny açyp görse, meniň sözümiň dogry boljagyny bilýärin.
XS
SM
MD
LG