Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda sürüjilik şahadatnamasyny edinmek kynlaşýar


Ulaga münenler ýarym sagada golaý wagt synag edilýär we şol ýarym sagadyň içinde awtoulagyň nowasy boşaýar.
Ulaga münenler ýarym sagada golaý wagt synag edilýär we şol ýarym sagadyň içinde awtoulagyň nowasy boşaýar.
Soňky döwür Lebap welaýatynda sürüjilik şahadatnamasyny edinmegiň kynlaşandygyny ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir lebaplylaryň aýtmaklaryna görä, ol şahadatnamany almakdaky kynçylyk welaýatyň Ýol gözegçilik gullugy tarapyndan geçirilýän ulag sürüş synagyndan geçmek bolup durýar, ol synagdan geçmekdäki iň esasy kynçylygyň korrupsiýadygy aýdylýar.

Ýerli ýaşaýjylar şu günler bu egzamenden geçmek üçin alynýan paranyň möçberiniň 400 amerikan dollaryna barandygyny aýdýarlar.

“Sürüjilik şahadatnamasyny almak edil ýokary bilim hakynda diplom almak ýaly kyn boldy. Wagtynda şol dokumenti almadygyma gynanýan” diýip, Farap etrabyndan synaga gelen 33 ýaşly Zafar aýdýar. Onuň aýtmagyna görä mundan 10-15 ýyl öň deň-duşlarynyň köpüsi sürüjilik şahadatnamasyny aňsatlyk bilen alypdyrlar.

Şahadatnamany almak üçin iki synagdan, ýagny testden we ulag sürmek synaglaryndan geçmeli. Sürüjilik okuwyny gowy okanlar üçin birinji synagdan geçmek kyn däl. Ýöne ikinji synagdan aňsat geçip bolmaýandygyny synaga gelenler aýdýarlar.

“Öňler ulag sürmek synagyndan parasyz geçip bolardy, para-peşkeş öňem ýok däldi, ýöne ol parany diňe düýbünden maşyn sürüp bilmeýänlerden alardylar. Onuň möçberi-de häzirkisinden köp esse azdy, täze pul bilen 10 manat töweregidi” diýip, faraply 33 ýaşly Zafar gürrüň berýär.

Bäşim atly saýatly bir ýigit hem para-peşkeşiň bardygyny tassyklap, synaga geleninde özüniň gurply telekeçi obadaşyny görendigini, ol obadaşynyň synag alýan ofiser bilen bir zatlar gürleşendigini we hiç hili ulaga münmezden synag meýdançasyndan çykyp gidendigini aýdýar.

“Şonda synaga gelen ýigitleriň biri: “Bermelisini berseň, ine, edil şul adam ýaly arkaýyn öýüňe gaýdybermeli” diýdi. Meniň bolsa bu synaga 9-njy gezek gelşim” diýip, saýatly ýigit gürrüň berýär.

Hemmeler Türkmenabada

Sürüjilik şahadatnamasyny edinmek üçin geçirilýän synaglaryň soňky döwür diňe welaýat merkezi Türkmenabat şäherinde geçirilmegi-de synaga gelýänler üçin ýene-de goşmaça kynçylyk döredýär. Mundan 5-6 ýyl ozal sürüjilik okuwy nirede okalan bolsa, synaglar hem şol ýerde alynýar eken.

“Sürüjilik okuwyny Lebap welaýatynyň haýsy künjeginde okan bolsaň parhy ýok, hemmeler Türkmenabada gelip egzamen tabşyrmaly. Men Hojambaz etrabyndan gatnaýan. 5-nji sapar hem ikinji egzamenden geçip bilmedim. Gatnamak üçin eden çykdajym 200 manatdan geçdi” diýip, Hojambaz etrabyndan synaga gelen bir ýigit gürrüň berýär.



Ulag sürmek synagy ýörite meýdanda, il arasynda awtodrom diýilýän ýerde geçirilýär. Synagda iki sany “Ural”, bir “Zil” we bir “Lada” kysymly ýeňil maşyn ulanylýar. “Ural” we “Zil” kysymly awtoulaglarda ABC we ABCDE derejeli sürüjilik şahadatnamasyna dalaşgärler, “Lada” kysymly ýeňil awtoulagda bolsa, diňe AB derejeli sürüjilik şahadatnamasyna dalaşgärler synag edilýär.

Synag alýan Ýol gözegçilik gullugynyň ofiserleri synaga gelenleriň adyny ýekeme-ýeke okaýar we kimiň ady çyksa, ol ulagyň nowasyna münmeli. Ulaga münenler ýarym sagada golaý wagt synag edilýär we şol ýarym sagadyň içinde awtoulagyň nowasy boşaýar.

Synaga gelenleriň sözlerinden çen tutsaň, birinji egzamenden geçip, soňra üç aýlap ulag sürmek egzamenine gelmeseň ýa-da ulag sürmek ekzameninden 12 sapar geçip bilmeseň ýene-de birinji ekzameni täzeden tabşyrmaly. Şeýlelikde, egzamen tabşyrýanlaryň arasynda iki sapar 12, jemi 24 gezek ulag sürmek synagyndan geçip bilmän, üçünji gezek birinji egzameni, ýagny şablon testini tabşyryp, ýene-de ulag sürmek egzamenine gelýänleri-de bar.

Azatlyk Radiosy synagdan ulagy talaba laýyk sürüp geçip bolup-bolmazlygy bilen hem gyzyklandy. Synaga gelen Agamyradyň aýtmagyna görä, synag ulaglarynyň juda könedigi, olary sürüp, geçmeli päsgelçilikleriň-de çylşyrymly bolmagy ýene-de goşmaça kynçylyk bolup durýar.

Bir ulagyň signaly işlemeýänligi üçin syngaçy ondan signalyň ýerine agzy bilen ses etmegini talap edipdir. Ony etmäge kemsinen Agamyrat ulagdan düşüp gitmäge mejbur bolupdyr.
XS
SM
MD
LG