Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý NATO harbylarynyň eldegrilmesizligi barada çykyş etdi


Anna güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý 2014-nji ýyldan soň ABŞ-nyň we NATO-nyň Owganystanda galjak harbylarynyň eldegrilmesizlik hukugy bilen baglanyşykly käbir problemalaryň ýüze çykmagynyň mümkindigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň öňbaşçylygyndaky NATO-nyň Owganystandaky 100 müňden gowrak harbysy şu ýylyň ahyryna çenli bu ýurdy terk etmekligi planlaşdyrýar. Ýöne koalision güýçleriň az-owlak bölegini bu ýurtda galdyrmaklyk-da göz öňünde tutulýar.

ABŞ-nyň we NATO-nyň resmileri öz harbylarynyň Owganystanda sud edilmek howpundan azat bolmaklaryny isleýärler.

Emma prezident Hamid Karzaý öz resmi beýanatynda penşenbe güni NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen bilen duşuşygynda owgan halkynyň daşary ýurt harbylaryna eldegrilmesizlik hukugyny bermezliginiň mümkindigini aýdandygyny belläpdir.
XS
SM
MD
LG