Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň kakasynyň adyna Medeniýet köşgi açyldy


Yzgant obasyndaky Medeniýet köşgüniň öňünde dikilen Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkeli. Yzgant, 20-nji oktýabr, 2012.
Yzgant obasyndaky Medeniýet köşgüniň öňünde dikilen Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkeli. Yzgant, 20-nji oktýabr, 2012.
20-nji oktýabrda, şenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Gökdepe etrabyndaky Yzgant obasynda öz kakasynyň adyna täze gurlan Medeniýet köşgüniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu dabaranyň öňýany Gurbanguly Berdimuhamedow bu obada öz atasynyň adyny göterýän 27-nji orta mekdebe-de sapar etdi. Ol mekdebiň girelge zalynda öz atasy, Beýik Watançylyk Urşunyň weterany, 1948-nji ýylyň ýer yranmasynda aradan çykan Berdimuhammet Annaýewiň heýkeline gül goýup, oňa öz hormatyny bildirdi.

Soňra G.Berdimuhamedow bu obada täze açylan Medeniýet köşgüniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu wakanyň öňýany Türkmenistanyň Mejlisi bu täze gurlan Medeniýet köşgüne prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak barada karar kabul edipdi.

Türkmen telewideniýesinden: Yzgant obasynda Medeniýet köşgüniň açylyş dabarasy.
Türkmen telewideniýesinden: Yzgant obasynda Medeniýet köşgüniň açylyş dabarasy.
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:22 0:00

Türkmenistanyň resmi mediasy Mejlisiň öz bu kararyny şu Yzgant obasynyň ýaşaýjylarynyň, şeýle hem Gökdepe etrabynyň medeniýet işgärleriniň we Ahal welaýat häkimliginiň isleglerini göz öňünde tutup kabul edendigini habar berýär.

Yzgant obasyndaky bu täze Medeniýet köşgüniň öňünde Mälikguly Berdimuhammedowyň heýkeli-de oturdylypdyr. Türkmenistanyň resmi “Altyn asyr” saýty Mälikguly Berdimuhamedowy “ýadawsyz we dogruçyl zähmeti, aktiw graždan pozisiýasy, halk arasynda gazanan abraýy we mertebesi bilen nusga görkezen adam” hökmünde häsiýetlendirýär.

Resmi maglumata görä, Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky bu iki gatly Medeniýet köşgüniň birinji gatynda 500 orunlyk tomaşa zaly, 150 orunlyk çagalar zaly, nika zaly, kitaphana, internet-kafe, 200 orunlyk naharhana, artistler üçin ýörite otag, radio merkezi we administratiw otaglar ýerleşýär.

Medeniýet köşgüniň ikinji gatynda tans we gimnastika zallarynyň, döredijilik studiýasynyň, taryh we galkynyş eýýamynyň muzeý zalynyň, ses ýazgylar studiýasynyň, işgärleriň dynç alyş otagynyň, sergi zalynyň, arhiw we käbir beýleki otaglaryň ýerleşýändigi habar berilýär.

Bu Medeniýet köşgüniň açylyş dabarasynyň soňunda prezident G.Berdimuhamedow Medeniýet köşgüne ýörite bir ýeňil maşyny sowgat berdi.

Bu dabaradan soň prezident şu Yzgant obasynyň merkezinde täze gurlan häzirkizaman tipli sport kompleksine-de baryp gördi.
XS
SM
MD
LG