Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandan uly nebit ýatagy tapyldy


Owganystanyň magdan ministri Wahidullah Şahrani (ortada) Fariýab welaýatyndaky gaz ýatagynyň açylyş dabarasynda. Fariýab, 19-njy sentýabr, 2011.
Owganystanyň magdan ministri Wahidullah Şahrani (ortada) Fariýab welaýatyndaky gaz ýatagynyň açylyş dabarasynda. Fariýab, 19-njy sentýabr, 2011.
Owganystanyň Magdan ministrliginiň metbugat sekretary Jawad Omer çarşenbe güni Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda bu ýurduň demirgazyk-günbatar regionyndan Kanadanyň “Terraseis” kompaniýasynyň uly bir nebit ýatagynyň üstüni açandygyny mälim etdi.

“Bu region Han Çarbah we Akina serhet raýonlarynyň aralygynda ýerleşýär. Hut şol ýerde tehniki barlaglar geçirildi” diýip, Jawad Omer habar berdi.

Bu gürrüňi edilýän ýer Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Fariýab welaýatynda ýerleşýär. Ýurduň Magdan ministrliginiň metbugat sekretary Jawad Omer bu nebit ýatagynyň ululygy barada has anyk maglumatlary almak üçin gözleg-buraw işleriniň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Bu wakanyň öňýany, 22-nji oktýabrda Hytaýyň Milli petrolium korporasiýasy goňşy Saripul welaýatynda-da nebit gazyp almak işlerine başlapdy.

Owganystanyň magdan ministri Wahidullah Şahrani Hytaýyň kompaniýasynyň bu regionda ilkinji gezek nebit öndürip başlan gününi bu ýurt üçin “taryhy bir gün” diýip atlandyrdy.

Hytaýyň Milli petrolium korporasiýasy başky döwürde Saripul welaýatynyň Amyderýanyň golaýyndaky raýonyndan günde ortaça 2 müň barrel töweregi nebit çykarmaklygy göz öňünde tutýar. Ýöne has köp nebit guýularynyň gazylyp gutarylmagy bilen, öndürilýän nebitiň möçberi-de ur-tut artdyrylar diýlip garaşylýar.

Owganystan bilen Hytaý bu regionyň nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek meselesi boýunça geçen ýylyň dekabrynda özara kontrakta gol çekipdiler. Şol ylalaşyga görä, Owganystanda ilkinji nebiti gaýtadan işleýji zawod gurmaklyk-da göz öňünde tutulýar.

Hytaý Owganystanyň serhediniň aňry ýüzünde Türkmenistanda-da eýýäm gaz ýataklaryny özleşdirmek işlerini alyp barýar. Günorta Ýolöten-Osman gaz ýatagynyň özleşdirilmegi üçin Hytaý Türkmenistana lomaý kredit ýardamyny-da berdi.

Dünýäde iň bir uly gaz ýataklarynyň biri hasaplanylýan Günorta Ýolöten-Osman ýatagynyň gaz zapasy azyndan 4 trillion kubometr we köpünden 14 trillion kubometr diýlip hasaplanylýar. Käbir ekspertler bu gaz ýatagynyň territoriýasynyň Owganystanyň içine-de geçýän bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar.
XS
SM
MD
LG