Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlyk gününe gabatlanan çäreleriň aýratynlygy


Milli sirkiň öňündäki meýdança Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň okuwçylary, Oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary we döwlet sirkiniň wäşileri çykyş etmäge ýygnandylar.
Milli sirkiň öňündäki meýdança Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň okuwçylary, Oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary we döwlet sirkiniň wäşileri çykyş etmäge ýygnandylar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlap, 26-27-28-nji oktýabr günleri Aşgabat şäheri boýunça geçirilmeli edilen we metbugatda çap edilen çärelerden ilkinjilerinden birine Aşgabadyň döwlet sirkiniň öňünde tomaşa etmek aşgabatlylaryň paýyna düşdi.

Ir sagat 8:00-den Milli sirkiň öňündäki meýdança Aşgabadyň Aman Kekilow adyndaky ýörite mugallymçylyk mekdebiniň okuwçylary, Oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary, döwlet sirkiniň wäşileri konsert programmalary bilen çykyş etmäge ýygnandylar.

Aşgabatly pensioner Hojaw aga hem bu baýramçylyk konserdine tomaşa etmäge gelenleriň biri. Onuň aýtmagyna görä, çäre örän göwnejaý gurnalypdyr.

“Açyk meýdanda gurnalan konserde tomaşa etmek juda gyzykly. Howa hem maýyl bolup, adamlaryň baýramçylyk keýpleri has ýokary göterildi. Ýaşlaryň, wäşileriň çykyşlary örän gyzykly boldy” diýip, aşgabatly pensioner Hojaw aga gürrüň berdi.

Sirkiň öňündäki meýdançada gurnalan iki sany hiňňildige ýaşlar gezekli-gezegine münip, hiňňildik uçýardylar.
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:09 0:00
Ýükle

Çoganly şäherçesinden özüni Oraz diýip tanyşdyran 50 ýaşly işçi hem häkimlikler tarapyndan gurnalýan bu çäreleriň oňat hem kemter taraplary barada öz pikirini aýtmak bilen, söhbetdeşlige goşuldy.

“Konsertleri, hiňňildikleri gurnap, ilata hezil bermek gowy zat. Ýöne şäher içinde ilatyň gür ýaşaýan ýerlerinde ýaşaýjylaryň islegi bilen hiňňildikleri gurnamak çäklendirildi. Sirkiň öňündäki ýaly, häkimlikleriň gözegçiliginde gurnalýan hiňňildikler ilata o diýen hezil berip baranok. Köp ýaşaýjylar käbir hiňňildikleriň gurnalýan ýerlerini hem bilmeýärler” diýip, ol öz garaýşyny mälim etdi.

Ir sagat 6:00-da turup, çäre geçirilmeli ýerlere barmaly talyp ýaşlaryň wagtynda dynç alyp, iýip-içip bilmeýändiklerini aýdýan ýaşlara-da duş gelmek bolýar. Sirkiň binasynyň ýanynda öz adynyň tutulmagyny sorap, şu ýagdaýlary tassyklan studentler-de boldy.

Bu ýerde işläp ýören we Jemagat hojalygy ministrliginiň kommunal kärhanasyndan özüni Sülgün diýip tanyşdyran orta ýaşly zenan bolsa, indi birnäçe günden bäri ir sagat 5:00-den agşam sagat 10:00-lara çenli iş ýerlerinde bolup, arassaçylygy pugta ýerine ýetirmeli bolýandyklary barada gürrüň berdi.

“Diňe günortan bir sagat iş üsdünde çaý-çörek iýmäge wagtymyz bolýar. Çäreleriň agramy köçe süpürijileriň gerdenine düşýär” diýip, ol özara söhbetdeşlikde belledi.

Baýramçylygyň ilkinji güni irden başlanan medeni çäreleriň agşam sagat 18:00-den soň hem dowam edilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG