Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýa: Berluskoni suduň kararyndan şikaýat eder diýlip garaşylýar


Italiýanyň ozalky premýer-ministri Silwio Berluskoniniň aklawçylary Berluskonini türme tussaglygyna höküm etmek barada Milanyň sudunyň çykaran hökümine garşy arza bilen şikaýat suduna ýüz tutarlar diýlip garaşylýar.

Anna güni Milanyň sudy Silwio Berluskonini salgyt galplyklarynda aýyplap, oňa dört ýyl türme tussaglygyny bermekligi karar etdi. Ýöne şol gün birneme giçlik sud özüniň bu kararyny yzyna alyp, ony bir ýyl türme tussaglygyna höküm etmek kararyna geldi.

Mundan daşary, sud Berluskoniniň we onuň bilen bilelikde aýyplanýan beýleki birnäçe adamyň ýurduň salgyt gullugyna 10 million ýewro jerime tölemelidigi barada-da höküm çykardy.
XS
SM
MD
LG