Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen gyzy: "Bize bozuk gyzlara sereden ýaly garaýarlar"


Kabulda zenanlara niýetlenen Internet kafe, 2012-nji ýyl.
Kabulda zenanlara niýetlenen Internet kafe, 2012-nji ýyl.
Owganystan 30 ýyl töweregi graždanlyk urşuny başdan geçirip, 10 ýyl töweregi hem "Talybanlaryň" berk düzgünli, despotik häkimiýeti tarapyndan dolandyryldy. Bu tutuş ýurt bilen bir hatarda zenanlara hasam erbet täsirini ýetirdi.

"Talybanlaryň" döwrüinde olar sosial durmuşdan çetleşdirilip, zenanlaryň aglaba köpüsi öýlerine gabaldy, olaryň arasynda türkmen zenanlary hem bar. Emma täze hökümet häkimiýet başyna geçensoň, ýagdaý kem-kemden özgerýär.

Owganystanda ýaşaýan aktiw türkmen zenanlaryndan biri Fatyma Rasulynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýurtdaky bar bolan ösüşlere garamazdan, kynçylyklaram dowam edýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde ol gündelik duş gelýän kynçylyklar barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Fatyma, ilki bilen özüňiz barada biraz gürrüň berseňiz?

Fatyma Rasuly: Meniň adym Fatyma Rasuly. Men Jöwzjan welaýatynda ýaşaýaryn. Häzir men 25 ýaşymda we men diş hekimligini (lukmanlygyny) okaýaryn. Welaýatlary gaýtadan gurmak boýunça Türkiýe tarapyndan alnyp barylýan işlerde, zenanlara gönükdirilen işlerde maslahatçy bolup işleýän.

Azatlyk Radiosy: Owganystanda türkmen gelin-gyzlary işleýän döwürleri nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar?

Fatyma Rasuly: Muny düşündirmek üçin ilki bilen size biraz özüm barada gürrüň bereýin. Ilkibaşda işe başlanymda, men "Aýna" telewideniýesinde iki ýyl işledim, ondan soň germaniýalylar bilen dört ýyl, amerikalylar bilen alty aý işledim. Häzirki wagtda türkler bilen işleşip ýörenime iki ýyl boldy.

Türkmen aýal-gyzlaryna mekdebe gitmäge, ýagny bilim almaga rugsat berilmeýär. Rugsat berlen ýagdaýynda-da belli bir wagt berýärler, mysal üçin, sen 13-14 ýaşyňa ýa-da bäşinji synpa çenli oka, ondan soň [mekdepden] çyk diýýärler. Ondan soň okamaga hakyň ýok, ulugyz bolýaň, ulugyzyň öýi, etmeli işleri bar diýilýär. Şol işler bilen meşgullanmaly diýip, türkmen gyzlaryna okamaga rugsat bermeýärler. Bu sebäden hem okap, iş tapyp bilmedik aýallar hem bolýar.

Eger iş tapan ýagdaýynda, meniň ýaly okasa ýa-da işlese, onuň adyny erbede çykarýarlar. Öýünden çykan gyza hiç haçan, ol okaýar, onuň pikirlenişi özgerer, gowy bolar, öňe gider diýip, hiç haçan aýtmaýarlar. Gaýtam, bu daşaryk gidýär, daşaryk gidenler bozuk bolýar diýip, bizlere bozuk gyzlara sereden ýaly garaýarlar. Esasanam, öz türkmenlerimiz.

Azatlyk Radiosy: Fatyma, siz özüňiziň dürli hili gorkuzmalara sezewar bolýandygyňyzy aýtdyňyz, şeýle ýagdaýlardan mysal getirip bilermisiňiz?

Fatyma Rasuly: Käbirleri gelip haýbat atýarlar, näme üçin gyzlaryňyzy işledýärsiňiz, biz beýle zatlary islemeýäris, türkmen diýeniň, gyzlary öýde otursa [bolar] diýýärler. Meselem, men türkmen gyzlaryndan ilkinji bolup aýdym aýtdym.

Meni aýdym aýdanyma puşman etdirdiler, bu gyz biziň abraýymyzy dargatdy, türkmen gyzam aýdym aýdarmy, türkmene gelşermi şeýle zat, bu aýdym ýene bir gezek goýulsa (aýdylsa) ony diriligine ýere gömeris diýen gepler köp boldy.

Meniň işläp başlanyma ep-esli wagt boldy. Beýle gepler ýyldan-ýyla kemelip, ýok bolup gelýär. Biz indi, birinji ýola çykanlardan, iň köp pidakärçilik görkezenlerden biri bolduk. Inşalla bizden soňky gyzlar biziň çeken azabymyzy çekmezler diýip umyt edýän.

Biziň türkmen erkeklerimiz okasa we olaryň aň-düşünjesi özgerse, onda olar soň türkmen zenanlaryna-da okamaga rugsat bererler.

Men ýedi ýyl mundan öň işe başlanymda, sen näme üçin işe gitdiň, sen bozuk gyz diýenler, indi puşman edip, maňa duş gelen wagtlary dogry işi sen edipsiň, çünki adam okasa, köp zatlara düşünip başlaýan ekeni diýýärler. Beýle kynçylyklar ýene iki ýyldan aradan doly aýrylyp has hem gowy bolar diýip umyt edýärin.

Türkmenler geçmişinde näme bolanyny bilseler (gowy boljak). Mysal üçin, gülýaka nämä gerek? Birwagtlar aýallar erkekler bilen söweşe çykýan ekeniler, gülýaka hem olary okdan goramak üçin niýetlenen ekeni.

Eger geçmişe, türkmenleriň geýen eşiklerine biraz göz aýlasalar, onda türkmen aýalynyň mert we gahryman zenanlar bolandygyna göz ýetirerler. Muňa ilki bilen türkmenleriň özleriniň göz ýetirip soňra başgalara aýan etmegi gerek.
XS
SM
MD
LG