Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Internet ekstremizmine garşy Ýewropa bilen hyzmatdaşlyk etmeli


Gazagystanyň Milli howpuzlyk boýunça komiteti (KNB) internetdäki ekstremistiki we terroristiki propoganda garşy göreşmek üçin, ýewropa ýurtlary bilen has köp hyzmatdaşlyk etmelidigini aýdýar.

KNB-nyň ýolbaşçysynyň orunbasary Kabdulkarim Abdikazymowyň çarşenbe güni žurnalistlere aýtmagyna görä, şu ýylyň ýanwaryndan bäri gazak sudunyň karary bilen , terroristiki we ekstremistiki pikirleri öňe sürýän 950-ä golaý web saýt petiklenipdir.

Abdikazymow bular ýaly saýtlaryň aglabasynyň Ýewropada ýerleşýändigini belläp, bu ugurda ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmelidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG