Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy Orsýete näme berdi?


Moskwadaky GDA institutynyň analitigi Andreý Grozin
Moskwadaky GDA institutynyň analitigi Andreý Grozin
Türkmenistanda döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna taýýarlyk görülýär. Resmi maglumatlara görä, döwletiň eýeçiligindäki obýektleri hususylaşdyrmak işi 2013-2016-njy ýyllar aralygynda amala aşyrylar. Bu barada döwlet baştutanynyň tabşyrygy bilen ýörite programma işlenip düzülipdir. Döwlet emläginiň hususy eýeçilige geçirilmegi beýleki ýurtlarda nähili netije berdi?

Azatlyk Radiosy Orsýetdäki tejribeler bilen gyzyklanyp, Moskwadaky GDA institutynyň analitigi Andreý Grozin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Orsýet döwlet emlägini hususy eýeçilige geçirmek boýunça uly tejribeleri başdan geçirdi. Bu prosess Osýete näme berdi?

Andreý Grozin: 1990-njy ýyllaryň hususylaşdyryş prosesiniň ilkinji ädimleri babatynda aýdylanda, şonda döwletiň emlägi auksion söwda sistemasy arkaly satylypdy. Şol söwdanyň açyk-aýdyňlygy we kanuna laýyklygy uly şübhe astynda bolupdy. Hususylaşdyryşyň tarapdarlary şol prosesiň zerurdygyny ýurduň çökgünliligi we sosial-ykdysady ýagdaýyň iňňän agyrdygy bilen düşündiripdiler.

Azatlyk Radiosy: Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy Orsýetde oligarhlar gatlagynyň döremegine getiripdi. Bu, hususylaşdyryş prosesiniň adaty bir netijesi bolupmydy?

Andreý Grozin: Her bir çylşyrymly prosesde bolşy ýaly bu ýerde hem takyk bir jogap ýok. Emma meniň pikirimçe, oligarhlar gatlagynyň dörejegini önünden bilmezlik mümkin däldi. Birinjiden, ykdysadyýetiň obýektiw kanunlary bar, ikinjiden, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň tejribeleri bar. Üstesine adamlaryň gysgançlygy, ýagny häkimiýet başyndakylaryň aňsat girdeýjä işdämenligi postsowet ýolbaşçylaryna mahsus bir hasiýet bolup durýar. Meniň pirikimçe, Türkmenistanyň raýatlary hususylaşdyryş prosesinden hiç zat utmajagyna önünden taýýar bolmaly, şeýle-de olar döwlet eýeçiliginiň netijeli bolup bilýändigini hem bilmeli.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna zerurlyk görýärsiňizmi?

Andreý Grozin: Meniň bilşime görä, häzirki wagtda Türkmenistan Orsýetiň Sowet Soýuzynyň dargan döwründäki ýagdaýynda däl. Men, häzirki wagtda Aşgabadyň Orsýetiň şol wagtky ýolundan gitmegine, ýagny döwletiň emlägini satmagyna zerurlyk görmeýärin. Orsýetiň başdan geçiren tejribeleriniň görkezişi ýaly adatça şeýle ýagdaýda döwlet emlägi häkimiýet başyndaky we häkimiýete ýakyn adamlaryň eýeçiligine geçýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidenti döwlet emläginiň hususy eýeçilige geçirilmeginiň milli ykdysadyýetiň ösüşi üçin netijeli ädim boljagyny aýtdy. Şeýle hususylaşdyryş ösuş üçin zerur ädimmi?

Andreý Grozin: Bu, döwlet eýeçiliginiň netijesizligi baradaky liberal pikirlerden gelip çykýar. Muny tassyklaýan faktlar hem köp, emma muňa ters gelýän faktorlar hem bar. Köp ýurtlarda ýangyç-energiýa, goranmak, ylym we tehnologiýa pudaklary döwletiň gözegçiliginde bolýar. Döwlet muňa maýa ýatyrýar. Üstünlikli mysallaryň biri bolan Günorta Koreýanyň ykdysady tendensiýalaryna syn etsek soňky döwürde döwlet ylmy-barlag we konstruktorlyk tehnologiýalara öz gözegçiligini ýaýbaňlandyrýar.
XS
SM
MD
LG