ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabo bilen ikiçäk gepleşikleri geçirdi. Iki resmi Kambojiýada geçirilýän Aziýa döwletleriniň sammitinde duşuşdy.
Obama ABŞ-Hytaý gatnaşyklaryny “konstruktiw” diýip häsiýetlendirdi. Şeýle-de ABŞ-nyň prezidenti iki döwletiň arasyndaky söwda we sermaýa gatnaşyklarynda “açyk düzgünleriň” kesgitlenilmelidigini sözüne goşdy.
Bu Obamanyň premýer-ministr Wen bilen geçiren soňky duşuşygy boljakdygy çaklanylýar. Wen we ýurduň prezidenti Hu Jintao häkimiýeti ýolbaşçylaryň täze nesline geçirmek üçin, wezipelerinden çekilýärler.