Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýuwakuran: Näme üçin türkmen futbolyna şeýle kembaha çemeleşilipdir?


Türkmenistanyň “Balkan” futbol toparynyň türgenleşdirijisi Semih Ýuwakuran
Türkmenistanyň “Balkan” futbol toparynyň türgenleşdirijisi Semih Ýuwakuran
Türkiýäniň öňki milli futbolçysy we Türkmenistanyň häzirki “Balkan” (ozalky “Nebitçi”) futbol toparynyň türgenleşdirijisi Semih Ýuwakuran, Azatlyk Radiosy bilen geçiren söhbetdeşliginde, türkmenistanly futbolçylaryň gaty güýçli we zehinlidigini, emma ýurtda sport desgalarynyň we serişdeleriniň düýbünden ýetmezçilik edýändigi sebäpli, futbolçylaryň ýyrtyk jorap we eginbaşlar bilen oýnaýandyklaryny görüp gynanadygyny aýdýar.

“Balkan” futbol toparynyň türgenleşdirijisi Semih Ýuwakuran, türkmen futboly baradaky garaýyşlaryny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Balkan futbol topary Türkmenistanda iň güýçli futbol ýygyndylaryndan birine öwrüldi, munuň syry nämede?

Semih Ýuwakuran: Elbetde, munuň syry – gowy türgenleşikde. Olar maňa ynandylar. Işe ilki gelenimdäki ýagdaý bilen häzirki ýagdaýyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar.

Işe başlanymda türgenleşige diňe 9 adam gelýärdi. Ilkibaşda hemmeleriň türgenleşige gelmegini ýola goýduk. Tertip-düzgüni berkitdik. Futbolçylara gaty uly ynamymyň bardygyny, olaryň aslynda gaty gowy oýunçylardygyny düşündirmäge synanyşdym.

Men işe başlanymda bu toparyň derejesi gaty pesdi. Men olara şeýle diýdim: “Sizi hiç bir topar ýeňip bilmez. Siz islän futbol toparyňyzy ýeňip biljek güýçde. Siziň futbol oýnaýşyňyzyň hili gaty ýokary. Maňa ynanyň! Bu ýyl ýaryş gutaranda, ýeňiji siz bolarsyňyz!”.

Şeýlelik-de futbolçylar maňa ynandylar. Olar gaty köp türgenleşdiler. Meniň her diýenimi etdiler. Şonuň üçin hem men olardan minnetdar. Şeýlelikde futbolçylarym we olaryň janköýerleri uly bagta eýe boldular.

Türkmenistanyň "Balkan" komandasy Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda. 2012 ý.
Türkmenistanyň "Balkan" komandasy Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda. 2012 ý.

Azatlyk Radiosy: "Balkan" futbol toparynyň sizden owalky ýagdaýy nähilidi? Siz nämeleri üýtgetdiňiz?

Semih Ýuwakuran: Türkmen futbolçylary arany gaty uzak tutup, oýnaýardylar. Futbolçylaryň arasynda 70 metr uzaklyk bardy. Oýnalýan oýun gaty dagynykdy. Futbolda oýunçylaryň arasynda uzaklyk näçe köp bolsa, şeýle ýagdaý ortadaky oýunçylary gaty ýadadýar. Şeýdip hem oýunda utulýarlar.

Olaryň oýnaýşynda uzaklygy düzetmeli bolduk. Men ilki bilen näme bolsa bolsun diýip, bütin oýunçylary meýdançanyň ortasyna çykardym. Onuň ýany bilen öz täze tilsimlerimizi oýlap tapdyk. Şeýlelikde Türkmen futbolyna täzelik, üýtgeşik hereket girizdik.

Diňe biziň futbol toparymyzda däl, eýsem beýleki toparlaryň oýnunda hem ýagdaý şeýle. Ýagny, futboly gaty kynlaşdyrýarlar. Oýunda meýdançanyň ortasynda hereket ýok diýen ýaly. Hemme ýüki hüjümçileriň üstüne ýükleýärler.

Biz ilki bilen pas alyp-bermegi öwretdik. Gaty köp paslaşdyrdym. Bäsdeşleri pas bilen ýadatmaklygy öwretdim. Şeýle täze oýun tilsimlerinden daşgary gaty gowy güýçli türgenleşikler geçirdim. Diňe paslaşmaklyga üns berdik.

Esasy oýun tilsimimiz – uzakdan basyş edip, topy alyp, ony derrew derwezä salmaklygyň ýoluny gözledik. Futbolçylarymyz muny gaty gowy başardylar. Munyň peýdasyny oýunlarymyzda gördük.

Türkmenistandan Türkiýedäki futbol toparlaryna oýunçy getirmek üçin hem tagalla etjek.
Semih Ýuwakuran
Oýnan oýunlarymyzda san taýdan uly artykmaçlyk bilen üstün çykdyk. Meselem 2 - 1, 3 - 1, 5 - 0, 7 - 0 bolan iki oýnumyz bar, 4 - 0 we 3 - 0 ýaly san taýdan uly ara tapawut bilen tamamlanan üstünlikli oýunlarymyz bar.

Gazanylan üstünlikler futbolçylarda uly ynam döretdi. Ylaýta-da hiç oýnamaýan iki-üç sany ýaş futbolçydan peýdalanmaga başladym. Şol ýaş futbolçylara gaty uly üns berdim we hut şolar çempionlykda esasy goşandy goşan oýunçylar boldular. Şeýlelikde futbolçylar meniň tamamy doly ödediler.

Azatlyk Radiosy: "Balkan" futbol toparynda oýunçylaryň hemmesi türkmenmi ýa-da daşardan hem futbolçy barmy?

Semih Ýuwakuran: "Balkan" futbol toparynyň oýunçylarynyň hemmesi Türkmenistandan. Aglabasy Türkmenistanda oýnaýan futbolçylar bolmak bilen birlikde daşary ýurtlarda, ýagny Gazagystan bilen Täjigistanda oýnaýan birki sany futbolçy hem bardy.

Futbolçylarymyz esasan türkmenler. Futbolçylarymyz gaty talantly. Muny ýörite belläp geçmek isleýärin. Diňe biziň "Balkan" futbol toparymyzda däl, eýsem Türkmenistandaky beýleki futbol toparlarynda hem gaty güýçli we talantly oýunçylar bar.

Türkmenistanly futbolçylaryň hemmesi diýen ýaly Türkiýede ýokary ligada oýnap biljek oýunçylar. Türkmenistandan Türkiýedäki futbol toparlaryna oýunçy getirmek üçin hem tagalla etjek. Türkmenistan futbolynda nähili talantlaryň bardygyny Türkiýede hem görkezmek isleýärin.

Azatlyk Radiosy: Futbolda Türkmenistan bilen Türkiýedäki ýagdaýlaryň arasynda nähili tapawut bar?

Semih Ýuwakuran: Türkmen futbolçylary gaty güýçli, çalt öwrenýärler, her hili ýagdaýa derrew öwrenişýärler we öwrenmäge höwesli, täzeliklere açyk. Şonuň üçin hem Türk futbolyna Türkmenistandan iň azyndan 7-8 sany oýunçy goşmak isleýärin.

Şol bir türgenleşik gaýtalanyp durany sebäpli türkmen oýunçylary futboldan iripdirler.
Semih Ýuwakuran
Bäsleşikleriň arakesmesinde Türkiýä Gardepä türgenleşige gitdik. Ol ýerde biz Türkiýäniň 2-nji liga futbol toparlary bilen oýnadyk. Olaryň hiç biri "Balkan" futbol toparyny ýeňip bilmedi. Bu sebäpden bäş gezek oýnamalydyk welin, diňe 3 gezek oýnap bildik. Galan futbol toparlar biziň bilen oýnamak islemediler.

Türkmenistan futbolynyň esasy aýratynlygy barada aýtsam, Türkmenistanda futbol gaty gödek, diýseň çalt oýnalýar. Türkmenistanyň futbolçylary fiziki taýdan örän güýçli. Türkiýede geçirilen taýýarlyk türgenleşiklerinde türk futbolçylary bilen oýnalan oýunlaryň her birinde 2-3 sany türk oýunçysyna şikes ýetýärdi we goh-galmagal turýardy.

Türk futbolçylary türkmenler gaty gödek oýnaýarlar diýip, nägile boldular. Türkmen futboly bilen türk futbolynyň arasyndaky ýeke-täk tapawut türgenleşik. Türkiýede kämilleşen bir futbol kadasy bar.

Men "Balkan" futbol toparyny, futbolyň şol kämil kadalaryna görä türgenleşdirdim. Biziň futbolçylarymyz hiç wagt bir türgenleşigiň ikinji gezek gaýtalanmagyna duş gelmediler. Owal kämilleşmedik ýagdaýda şol bir türgenleşik gaýtalanyp durany sebäpli türkmen oýunçylary futboldan iripdirler.

Men bolsa takyk netije alynýan döwrebap, kämilleşen türgenleşikleri geçirdim. Türkmen futbolçylary mundan gaty hoşal boldular we ähli öwredenimi çaltlyk bilen durmuşa geçirdiler.

Meniň türgenleşiklerimde futbolçylar hemişe top bilen meşgullandylar. Bu ýagdaý türkmen futbolçylaryna gaty ýarady. Türkmen futbolçylary owaldan gaty güýçli bolansoň, meniň türgenleşiklerim arkaly özlerini hasam kämilleşdirdiler.

Türkmenistanda futbolçylaryň ýyrtyk joraply we eginbaşly oýna çykanyny gördüm. Bu kabul ederlik ýagdaý däl.
Semih Ýuwakuran
Biziň oýunlarymyza tomaşa edýänler hem her gezek gelip, “Biz 10 ýyldan bäri futbola tomaşa edip gelýäris, ýöne şeýle paslaşyp, täsirli oýnaýanlary görmedik. Oýna seredip, futboldan keýp aldyk. Şeýle gowy futbol topary döredeniň üçin köp sag bol“ diýip, maňa minnetdarlyk bildirmäge başladylar.

Türkmenistandaky türgenleşdirijileriň döwrebap, kämilleşen we tapawutly ýagdaýda öz oýunçylaryny ýetişdirmegi gerek. Oýunçylar bilen işlemeşmeklik diňe türgenleşikden ybarat däl.

Olar bilen ysnyşykly, dostlukly aragatnaşygy hökmany suratda ýola goýmaly. Meniň özüm ilkinji nobatda futbolçylar bilen gowy dostlugy ýola goýdum. Meýdançanyň içinde olara türgenleşdiriji, daşarda bolsa oýunçylara dost-ýoldaş boldum. Munyň netijesinde hem şeýle üstünlikler gazanyldy.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňize görä, türkmen futbolynyň ösdürilmegi üçin nämeler edilmeli?

Semih Ýuwakuran: Futbol federasiýasy dünýä açylmaly. Meselem, Azerbaýjan muňa gaty gowy mysal bolup biler. Owal gaty yzagalak Azerbaýjan futboly dünýä açylandan soň, indi Ýewropanyň futboly bilen bäsleşip başlady.

Azerbaýjan dünýä açylyp, daşary ýurtlar bilen gowy aragatnaşygy ýola goýdy. Daşardan türgenleşdirjiler we futbolçylar gelmäge başlady. Şeýle edilende futbolyň hili we ösüşi ýokarlanýar.

Ýene-de bir esasy mesele – sport desgalary bilen üpjünçilikdir. Häzir Türkmenistanda, gynansagam, futbolçylary taýýarlaýyş toparlarynyň köpüsiniň desgasy ýok. Futbol toparlarynyň köpüsiniň özleriniň hem desgalary ýok. Türkmenistanda futbolçylar gyssagly ýagdaýda zerur desgalar bilen üpjün edilmeli.

Türkmenistanda futbol serişdeleriniň ýetmezçiligi bar. Munyň hem gyssagly çözülmegi zerur. Türkmenistan futbolda indi yzagalaklykdan saplanmaly. Futbolçylara ýekeje eginbaş berilýär. Bir futbol toparynyň iň azyndan hökmany suratda 4-5 sany eginbaşy bolmaly.

Türkmenistanda futbolçylaryň ýyrtyk joraply we eginbaşly oýna çykanyny gördüm. Bu kabul ederlik ýagdaý däl. Şeýle ýagdaý düýbünden bolmaly däl. Ähli meseleleri çözjek Türkmenistanyň Futbol federasiýasydyr.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy, eger futboly ösdürjek bolsa, onda ýaňky kemçilikleriň hemmesini düzetmeli. Şonuň ýaly-da Türkmenistanda futbol meýdançalarynyň ýetmezçiligini çözmeli.

Sport eginbaşlary toparlara sowgat edilmeli. Aýakgabyndan başlap, ähli serişdedir-enjamyna çenli gowy seretmeli. Olar hökman ýokary hilli bolmaly. Türkmenistanda pul ýetmezçiligi bardyr öýdemok.

Pul kynçylygy ýok, ýöne ol puly siz ulanmasaňýz, size berlen býujeti sowmasaňyz, hiç hili üstünlik gazanyp bilmersiňiz. Býüjetiň beren serişdesinden hem köp pul sowmaly, futbol toparlaryna, ylaýta-da milli ýygyndy toparlaryna, hökman pul sowmaly, çykdajy edilmeli.

Milli ýygyndy futbol toparlary ýylda diňe 2-3 gezek oýnamaly däl. Futbol toparlary her bäsleşige hökman gatnaşaýmaly. Ýaşlaryň futbol toparlary 3-5 ýaşyndaky çagalar bolsa-da bolsun, hökmany suratda bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp durmaly. Sebäbi iň gerek zat – tejribe. Tejribäni bolsa, şeýdip, yzygiderli oýnap gazanmaly.

Türkiýeden mysal alsak, öň bizde hem ýagdaý edil Türkmenistandaky ýalydy we ýaşlar diňe 1-2 gezek oýnaýandygy sebäpli hemişe ýeňilýärdi. Häzirki ýagdaýda bolsa ýaşlaryň toparlary Germaniýa, Italiýa, Fransiýa bilen çekeleşip, olary öz ýerinde ýeňip gaýdýan toparlara öwrüldi.

Türkiýäniň milli ýygyndy futbol topary hem mundan 15 ýyl owal kyn ýagdaýdady. Şonuň üçin hem näçe köp daşarky dünýä açylsaňyz, näçe köp türgenleşip, näçe köp oýnasaňyz, esasan hem ýewropa oýunlaryna gatnaşyp durulsa, gaty çalt ösüşe eýe bolunjakdygyna ynanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Mundan beýläk Türkmenistanyň "Balkan" futbol toparynda türgenleşdiriji bolup işlemägi dowam etmek pikiriňiz barmy?

Semih Ýuwakuran: Türkmenistanda, elbetde, futbol türgenleşdirijisi bolup, işimi dowam etmek isleýärin. Ozalky futbol desgalarymyz ýykyldy we deregine täze desgalar gurulýar. Geljek ýylyň mart aýynda gurlup tamamlanjak.

Edil meniň isleýän kadalaryma görä gurulýar we talaba laýyk ulgam döreýär. Men nähili edilen halatynda has gowy boljakdygyna ünsi çekdim. Ýolbaşçylarymyz hem desgalaryň edil bolmalysy ýaly edilmegi üçin herekete geçdiler.

Öňki stadion ýykylyp, deregine täze stadion gurulýar. Onuň ýany bilen futbolçylara ýaşaýyş jaýlar salynýar. Ýetginjekleriň türgenleşdirilmegi üçin ýörite şertler dörediljek. Çagalar we ýetginjekler, ulularyň oýunlaryna seredip, olardan görelde alar ýaly mümkinçiliklere eýe boljak.

Türkmenistanda gaty yzagalak şertlerde işläp, şeýle üstünlikleri gazandym. Ýöriteleşdirilen desgamyz bolmansoň, türgenleşikler barada pikir alyşmaga otagymyz ýokdy. Şeýle ýagdaýda meniň myhmanhanada bolýan otagymda maslahatlar geçirýärdik.

Şonuň üçin hem gurulýan desgalaryň doly talaba laýyk bolmagy zerur. Otagymyzda ýygnak geçirilen mahaly ulanjak tagtamyz hem ýokdy. Ynha, şeýle yzagalak şertlerde işledim.

Bu kemçilikleri düzetmeklik Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň işi. Ähli futbol toparlarynyň hökman öz desgalary bolmaly. Çagalaryň we ýetginjekleriň hem ýörite sport desgalary bolmaly. Olaryň hemmesi ýokary hilde bolmaly.

Şeýle işleri etmäge doly münkinçilik bar we pul ýetmezçiligi hem ýok. Ýöne näme üçindir [zerur işler] şu wagta çenli edilmändir we gaty gijä galynypdyr. Näme üçin futbola şeýle kembaha çemeleşilipdir? Näme üçin futboldan şeýle üzňe düşülipdir? Muňa näme üçindir düşünip bilemok?

Ýolbaşçylar bu meseleleriň ugruna çykmaly. Dünýäde futbol beýleki sport görnüşlerinden has gowy görülýar. Dünýäde futbola has köp ýykgyn edilýär. Elbetde, basketbol, woleýbol, göreş ýaly beýleki sport görnüşlerine hem uly gyzyklanma bar, ýöne futbol 50-60 müňlük tomaşaçyny üýşürip, özüne seretdirip bilýän bir sport oýny.

Futbol gaty gowy we şeýle gyzykly oýun. Türkmenistanda hem gerek bolan şertler döredilende, Türkmen futbolynyň ösüp, dünýä derejesine ýetjekdigine, türkmen janköýerleriniň hem on müňlerçe adamlyk stadionlary aňsatlyk bilen doldurjakdygyna ynanýaryn.

Türkmenistana, türkmen halkyna, türkmen futbolçylaryna we Türkmenistanyň futbolyna, türkmen kömekçi türgenleşdirjilere goşandym bolan bolsa, onda men özümi gaty bagtly hasap etjek. Geljekde wezipe berlen halatynda, Türkmen futbolunyň ösdürilmegi üçin elimden gelenini gaýgyrmajakdygymy aýratyn nygtamak isleýärin.
XS
SM
MD
LG