Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen modeli özi we moda barada


Türkmen modasynyň Moskwadaky görezilişi
Türkmen modasynyň Moskwadaky görezilişi
Moda dünýäsinde ýygy-ýygydan täze trendler-ýörelgeler çykýar, alyjylara täze stildäki egin-eşikler hödürlenýär. Moda iň çalt ösýän ugurlardan biri. Eýsem, bu hereketjeň dünýäde Türkmenistanyň ýeri nirede we türkmen modelleri nähili rol oýnaýarlar?

"Täze Tolkun" bu meselede daşary ýurtlarda moda we model ugry bilen meşgullanýan az sanly türkmenistanlylardan biri, özüni Artyk diýip tanadan model bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ilki başda özüňiz barada maglumat beräýseňiz?

Artyk: Men 21 ýaşymda, Halkara gatnaşyklar boýunça bilim alýaryn. Dogrymy aýtsam, men moda dünýäsine tötänleýin girdim. Sebäbi biziň uniwersitetimizde diňe saýlan ugrumyzdan däl, eýsem ruhy taýdan ösmegimiz üçin haýsydyr bir döredijilik klubyna gatnaşmaly diýen talap bardy.

Şonuň üçin men ilki bilen drama klubyna ýazyldym, emma ol maňa biraz kyn boldy we men özümi model hokmünde synamak üçin kastinga (seçip alma – red.) gatnaşdym. Meni saýlap alanlaryndan soň men iki ýyllap modeller mekdebine gatnadym, ol ýerde bize dogry ýöremegi, fotoapparatyň öňünde özüňi nähili alyp barmalydygyny öwretdiler. Ondan başga-da bu mekdep özüňe bolan ynamy artdyrýar.

Azatlyk Radiosy: Modelçilik kärinde iň kyn we iň gowy görýän zatlaryňyz näme?

Artyk: Moda görkezişleriň öňünden dizaýnerler bize haýsy eşigi haçan näçe wagtlyk geýmelidigini aýdýarlar. Olaryň görkezmelerini ýerine ýetirmek üçin bary-ýogy 5-6 minut berilýär. Bu hem örän kyn bolýar.

Iň gowy görýän zadym bu käriň maňa berýän tolgundyryjy duýgulary. Sahnada ýöräp barýarkaň ýagtylyk ýüzüňe düşýär, şol sebäpden saňa seredýänler görünmeýär, emma hemmeleriň diňe saňa seredýänini bilýäň, munuň hem özboluşly lezzeti bar.

Ondan başga-da käwagtlar dizaýnerler geýen eşikleriňi saňa mugt ýa-da ýarym bahasyna berýär. Ol bolsa hemme zatdanam gowy.

Azatlyk Radiosy: Ynha, siz meşhur dizaýnerleriň eşiklerini görýärsiňiz, türkmenistanly dizaýnerleriň döredijiligine hem syn edensiňiz, olary deňeşdireniňizde türkmen dizaýnerleriniň isine nähili baha berýärsiňiz we olara nähili maslahat bermekçi.

Artyk: Men türkmen dizaýnlerini örän gowy görýän, emma biraz döredijilikli bolmaklaryny maslahat beresim gelyär. Ýagny, tazeliklere açyk bolmakdan gorkman, medeniýetimizde hiç haçan ulanylmadyk formalary ulanmagy maslahat berýärin.

Ondan başga-da olar diňe Orsýetde üstünlik gazanmaga ymtylman, sponsorlar gözläp, Milan, Nýu-Ýork, Tokio ýaly şäherlerde öz dizaýnlaryny görkezmäge synanyşmaly.

Azatlyk Radiosy: Ýakynda siz hem abraýly derejelere eýe bolduňyz, bu barada gürrüň beräýseňiz.

Artyk: Biz senagatçylyk dizaýnynda birinji bolduk, dizaýnyň bu ugrunda senagatda işleýänleriň formasynda ulanylýan matalardan peýdalanyp, eşik tikýärler.

Bize ýeňşimiz üçin mugt proffessional surata düşmäge we proffesional "lookbook" döretmek üçin mümkinçilik berdiler. "Lookbook" bu dizaýnlary görkezmezden ozal olaryň nähili görünjekdigini görkezmek üçin örän möhüm žurnal.

Azatlyk Radiosy: Şu möwsümiň trendleri näme? Şol trenddäki eşikleri Türkmenistanda tapyp bolýarmy?

Artyk: Aslynda bu her kimiň öz işi. Trendler adamyň özünden çykmaly, adamlar olary özleri döretmeli. Mysal üçin, men ýakynda özüm bir trend döretdim, ýagny uzyn ýüňli joraby geyip topuga çenli bolan ädigi geýdim. Gaty gowy göründi.

Men adamlaryň gymmat baha eşik alyp bilmeýändigine düşünýärin, emma bu biriniň trendde bolup bilmejegini aňlatmaýar. Bazardan ýönekeý T-köynek, (futbolka – red.) alyp, oňa reňkli düwmejikleri dakyp, ýa-da eliňe bilezikleri dakyp, ýönekeý eşikleri özgerdip bolýar.

Azatlyk Radiosy: Geljekde bu ulgamdaky işiňizi dowam etdirmek niýetiňiz barmy?

Artyk: Hawa, men gelejekde Milanyň we Nýu-Ýorkuň sahnalarynda çykyş edesim gelýär. Biziň ýurdumyzyň diňe nebite we gaza baý ýurt hökmünde däl-de, eýsem nebit-gaz pudagyna dahylsyz, döredijilik ulgamlarynda üstünlik gazanyp biljek adamlary arkaly tanalmagyny isleýärin.
XS
SM
MD
LG