Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Owgan ýyldyzy” bäsleşiginde türkmen aýdymçysy


Dutaryň suraty
Dutaryň suraty
Owganystanyň hususy telekanallaryndan biri ”Toloda” her ýyl “Owgan ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşigi geçirilýär. Bu ýylky geçirilýän ýaryşa Owganystanyň ähli künjeklerinden 220-ä golaý aýdymçy gatnaşýar.

Bu ýyl bäsleşige gatnaşýanlaryň arasynda ilkinji gezek bir türkmen aýdymçysy-da bar. Türkmen aýdymçysy Anna bagşy 220 dalaşgäriň arasyndan saýlanyp, öňdäki 12 aýdymçynyň arasyna giripdir.

Anna bagşyny beýleki aýdymçylardan tapawutlandyrýan zat, onuň bu derejä türkmen klassyky aýdymlaryny aýdyp ýetmegidir. Azatlyk Radiosy Anna bagşynyň bu üstünlikleri barada onuň bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen özüňiz bilen tanyşdyrsaňyz.

Anna bagşy: Meniň adym Arnajuma, lakamym Şirzban, ýörgünli adym bolsa Anna bagşy. Owganystanyň Bathyz welaýatynyň Murgap etrabynyň Marçak obasyndan bolýan.

Azatlyk Radiosy: ”Tolo” atly hususy telekanalda “Owgan ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşigi geçirilýär. Siz bu bäsleşige gatnaşýan ilkinji türkmen. Bäsleşikde ýeňiş gazanaryn diýen umydyňyz barmy?

Anna bagşy: ”Tolo” telekanaly “Owgan ýyldyzy” atly bäsleşigi eýýäm birnäçe ýyldan bäri gurnaýar. Men Owganystanda ýaşaýan üç milliondan gowrak türkmen ilatynyň adyndan, öz türkmen halkymyň adyndan dalaşgär boldum. Birki ekzamenden üstün çykdym.

Nesip bolsa diňe türkmen dilinde däl-de, belkem, Owganystanda ýörgünli dilleriň ählisinde hem aýdym aýdaryn. Ony, inşallah, hemmeler teleýaýlym arkaly görerler. Belkem, birinji bolaryn diýen umyt bilen-ä bardym özüm.

Azatlyk Radiosy: Siz eýýäm iki sany synagdan geçipsiňiz, şol synaglar nähili geçirildi?

Anna bagşy: Hawa, men eýýäm iki gezek synagdan geçdim. Onda ussatlar oturyp aýdymyň galyba, ýagny bir ritme deň gelip-gelmeýänligini diňleýärler. [Aýdymy] türkmen dilinde aýtsaň-da, ol ritme deň gelmeli. Men şol synaglarda üstün çykdym we nesip bolsa, gelejekde-de üstün çykaryn diýip umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýaryşda ýerine ýetiren aýdymlaryňyz diňe türkmen dilindedimi, ýogsa başga dillerde hem aýtdyňyzmy?

Owganystandaky ýörgünli aýdymlaryň arasynda türkmen dilindäki aýdymlar beýik.
Anna bagşy
Anna bagşy: Birinji we ikinji synaglarymda men diňe türkmen dilinde aýtdym. Sebäbi, ýaňy hem belleýşim ýaly Owganystanda üç milliondan gowrak türkmen ýaşaýar.

Men olaryň türkmen diliniň özboluşly öwüşginli aýdym-sazynyň bardygyny doly derejede düşünsin diýen pikir bilen diňe ene dilimde, ýagny türkmen dilinde aýtdym. Nesip bolsa, gelejekde hemme dillerde aýdaryn.

Azatlyk Radiosy: Siziň aýdymlary türkmen dilinde ýerine ýetirmegiňize nähili baha berdiler?

Anna bagşy: Umuman, türkmen aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýän adam juda az. Elbetde, Owganystandaky ýörgünli aýdymlaryň arasynda türkmen dilindäki aýdymlar beýik. Sebäbi onuň birinjiden tony beýik. Başga dilde aýdýan aýdymçylar türkmen dilinde aýtjak bolsa, bokurdagy gyrylýar.

Azatlyk Radiosy: Synagda türkmen aýdymlaryndan haýsysyny aýtdyňyz?

Anna bagşy: Men ”Zöhre-Tahyr” dessanyndan “Bir ýar üçin sergezdan” diýen aýdymy dutarda aýdyp berdim. Ikinji aýdym dutarsyz bolup, “Açdym saňa ýüregimi, çemen berdim gülden, läläm” diýip başlanýan [”Dillen, läläm!”] diýen türkmen aýdymyny ýerine ýetirdim.

[Eminler] örän ussatlyk bilen aýdýaň diýdiler, biz sözlerine düşünmesek-de aýdymlaryň, bir-ä, galyba laýyk gelýär, birem, tony beýik diýdiler.

Azatlyk Radiosy: Bu bäsleşige täze aýdymçylaryň näçerägi gatnaşýar?

Meniň arzuwym – türkmen halkynyň aýdym sazynyň beýikdigini bütin dünýä tanatmak
Anna bagşy
Anna bagşy: Umuman, ilki bilen Owganystanyň ähli welaýatlaryndan 220 adam saýlanýar, olardanam 12-si galyp, soňra diňe 1 adam öňe saýlanýar.

Ikinji we üçünji orunlar hem bar. Emma iň derejelisi birinji we ikinji orunlar, olara soňundanam köp zatlar berilýär, daşary ýurtlara sapar etmäge-de mümkinçilik berýärler ýa-da maşyn berýärler, maddy taýdanam köp ýardam berýärler.

Onsoňam meniň arzuwym – türkmen halkynyň aýdym sazynyň beýikdigini bütin dünýä tanasyn diýen umyt bilen şuňa dalaşgär boldum.

Azatlyk Radiosy: Bu bäsleşikde birinjiligi alan bütin Owganystanyň ýyldyzy diýip yglan ediler, şeýlemi?

Anna bagşy: Hawa, birinjiligi alan aýdymçy Owganystanyň ýyldyzy diýen ady alýar. Men bu bäsleşige birinji gezek gatnaşýaryn. Inşallah, Alla ýarlyk etse, ussatlarymyň kömegi bilen, olaryň eden yhlasy bilen men birinji bolaryn diýip umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Bäsleşigiň ýeňijisini tomaşaçylar sms ugradyp saýlaýarlar, türkmen muşdaklaryňyzdan başga-da, size beýleki halklardan ses bererler diýip pikir edýärsiňizmi?

Anna bagşy: Nesip bolsa, sebäbi men öňden bäri aýdymçy we meni tanaýarlar. Mysal üçin, özbek doganlarymyz bar, puştun, pars doganlarymyzam bar, Owganystanda ýaşaýan beýleki milletler, belkem, [ses bererler].

Milletçilik, elbetde, bar, emma hünäre hem baha berip biljek adamlar hem aramyzda az däl, köpdür. Inşallah, nesip bolsa, olardan umydym gaty kändir.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, beýle bäsleşikleriň geçirilmegi Owganystanda aýdym-sazyň ösmegine kömek edip bilermi?

Anna bagşy: Bilişiňiz ýaly, her bir zat ony teşwiklandyrmak (dabaralandyrmak) bilen, ony şowuklandyrmak (şowhunlandyrmak) bilen bolýar. Owganystanyň dürli halklarynyň arasynda geçirilýän bu bäsleşik, halk arasynda gaty haýajaly (abraýly) zat bolar. Näme üçin diýende, bu bäsleşikde her kim özüni, öz hünärini görkezmek islär. Men bu Owganystan üçin gaty gowy zat diýip hasaplaýaryn.

Nesip bolsa, aýdymçylaryň çytraşygy öňküsindenem köpeler, gowurak aýtjak bolarlar, bu mümkinçilikden ylham, ýörelge alarlar we bu olar üçin ussatlyk derejesi bolar.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, bu bäsleşik arkaly talantly ýaşlar saýlanýar?

Anna bagşy: Hawa, olaryň sesine, özüni alyp barşyna üns berilýär. Diňe aýdym aýtmak bilen bagşy bolup bolmaýar, halkyň islegini bilmek, halk arasynda özüňi gowy alyp barmak, ýagny halkyň ýüreginden turmak [gerek].

Umuman, bagşylar hoş owaz bilen halkyň ýüregini hoşlamak bilen çäklenmän, her kim öz milletiniň geçmiş taryhyny, geçen şahyrlaryny hem halk arasynda tanadýarlar.

Şahyrlar galam ujy bilen kitaba [girip], sessiz galsalar, bagşylar [olaryň ýazan şygyrlaryny] süýji owaz bilen halka diri şekilinde görkezýärler.
XS
SM
MD
LG