Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magtymgula dolanmak “ruhnamaçylygy” soňlap bilermi?


Magtymgulynyň Aşgabatdaky ýagydärligi
Magtymgulynyň Aşgabatdaky ýagydärligi
Aşgabatda türkmen edebiýatynyň klassygy Magtymguly Pyragynyň täze goşgular ýygyndysy çapdan çykdy. Türkmen metbugaty bu kitaba şahyryň 400-e golaý eseriniň girizilendigini ýazýar.

Türkmen klassygynyň täze ýygyndysynyň başynda ýurduň prezidenti G. Berdimuhamedowyň giriş makalasy ýerleşdirilipdir. Ol Magtymgulynyň şygyrýet dünýäsiniň milletiň pelsepesine, watana, il-halka bolan söýginiň beýik gimnine öwrülendigini aýdýar we ony ynsan kalbynyň ruhy tebibi atlandyrýar.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň döwlet baştutanynyň inisiatiwasy bilen, 2014-nji ýylda Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygy belleniler.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli edebiýatçylaryň birnäçesiniň pikirine görä, prezident derejesinde Magtymgula dolanylmagy türkmen jemgyýetinde täze bir döwri hem alamatlandyryp biler.

Dogrudanam, intelligensiýa wekilleriniň umyt edişi ýaly, bu dolanyş türkmen jemgyýetinde “Ruhnama” ideologiýasynyň asyl halk ýörelgeleri we pelsepesi bilen çalşyrylýandygyny alamatlandyryp bilermi? Biz bu gezekki Tegelek stol söhbetdeşligimizde şu temanyň daşynda pikir alyşmagy makul bildik.

Söhbetdeşligiň myhmanlary aşgabatly şahyr ýazyjylar Aşyrguly Baýryýew, Amanmyrat Bugaýew. Gepleşigi Ýowşan Annagurban alyp barýar.
XS
SM
MD
LG