Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus: Belýatskiniň izolýasiýada saklanýandygy aýdylýar


Belarusda resmiler tussaglykdaky oppozisiýa lideri Ales Belýatskini izolýasiýa şertlerinde saklamak üçin “elinden gelenini edýärler” diýip, Belýatskiniň aýaly Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Häzir Belýatskiý ýurduň gündogaryndaky Babruisk şäherinde saklanylýar.

Natalýa Pinçukyň beren maglumatlaryna görä, türmeden boşadylan tussaglar, onuň adamysynyň yzygiderli çetleşdirilýändigini, şeýle-de tussaglyk möhletiniň uzaldylmagy bilen haýbat atylýandygyny aýdypdyrlar.

“Halk fronty” hereketiniň döredilmegine ýardam eden, şeýle-de adam hukuklaryny goraýjy “Wesna” toparynyň ýolbaşçysy Belýatskiý, geçen ýyl salgyt galplyklarynda aýyplanyp, 4.5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň tarapdarlary, munuň syýasy matlap bilen edilendigini aýdýarlar.

Pinçuk Belarus aktiwistleriniň düzüminde ABŞ-nyň resmileri bilen duşuşmak üçin, Waşingtona bardy . Bu duşuşyk, Belarus hökümetiniň awtoritar prezident Aleksandr Lukaşenkonyň gaýtadan saýlanmagyna garşy protestleri basyp ýatyrmagynyň ikinji ýyl dönüminiň öňüsyrasynda amala aşyrylýar.
XS
SM
MD
LG