Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Gadagan edilen gazetiň baş redaktoryna jerime salyndy


Almatynyň sudy gadagan edilen oppozision gazetiniň baş redaktoryna, materiallaryny çap etmek üçin başga bir gazetiň sahypalaryny ulanany üçin jerime saldy.

"Golos respubliki" (Respublikanyň sesi) gazetiniň baş redaktory Tatýana Trubaçewanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol öz ýazan materiallaryny 30-njy noýabrda “Azat” gazetinde ýerleşdirenden soň, çarşenbe güni oňa 100 amerikan dollary möçberinde jerime salnypdyr.

Noýabr aýynda, ýurduň prokuraturasy suddan iki oppozision toparyny, şeýle-de birnäçe oppozision mediany ekstremist hökmünde ykrar etmek barada sorapdy. Mundan soň, olaryň işi wagtlaýynça togtadylyp, soňundan hem dolulygyna gadagan edilipdi.

Trubaçewa, sudyň çarşenbe günki çykaran kararyny şikaýat etjekdigini aýdýar.

Çarşenbe güni Almatydaky “Adyl Soz” atly media hukuklaryny goraýjy topar, Almatynyň sudunyň, oppozision “K-plus” telewizion kanalyny we onuň iki web sahypasyny gadagan edendigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG