Bu ýyl sport üçin gyzgalaňly ýyl boldy, Londondaky Olimpiýa, Paralimpiýa oýunlary we Ýewro 2012 futbol çempionaty geçirildi. Bu ýerde 2012-nji ýylyň dowamynda sport dünýäsinde bolan iň uly we kesgitleýji pursatlar saýlanyp goýuldy.
2012-nji ýylyň ýatda galan esasy sport pursatlary
10
Ukrainaly Wladimir Kliçko (sagda) ABŞ-dan Toni Tompson bilen göreşde üstün çykyp, agyr agramly boksçylar arasynda Dünýä çempiony adyny we beýleki ýokary derejelerini saklap galdy.
11
Gazagystanly Aleksandr Winokurow welosiped sürüjileriň arasyndaky ýaryşda ýeňiş gazanyp, Londondaky Olimpiýa oýunlarynda altyn medala eýe boldy, 28-nji iýul, 2012 ý.
12
Fransiýaly ýüzüji Kamille Muffat Londondaky Olimpiýa oýunlarynda 200 metrlik aralykda kümüş medal gazandy, 31-nji iýul.
13
ABŞ-ly Aleksandra Raisman Londondaky Olimpiýa oýunlarynyň gimnastika boýunça final ýaryşynda çykyş edýär.