Türkmenistandaky gelinleriň döwrebap ak köýnekli we fataly durmuşa çykýanlary bilen bir hatarda öňki däp-dessurlara görä geýnip dumuşa çykýanlary hem bar. Türkmen däp-dessurlaryna laýyklykda dumuşa çykýan gelinleriň lybaslary esasanam kürte, gupba, keteni köýnek we şaý-seplerden ybarat.
Käbir gelinleriň bu eşikleri satyn almaga güýji ýetýän bolsa, beýlekiler olary kireýine alýarlar. Eýsem, kireýine almagyň çykdajylary nähili we kireýine alnan eşikleri näçe gün saklap bolýar? Azatlyk Radiosy bu soraglar we gelinleriň toý köýnekleri babatdaky moda bilen gyzyklanyp, maryly Abadan Berdiýewa bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Häzirki wagtda gelinleriň modasy nähili? Oba ýerlerinde fata geýilýärmi?
Abadan Berdiýewa: Gelinleriň modasy keteni ýa-da pombarh matalaryndan tikilen köýnekler. Fata geýmek ol her kimiň öz işi. Gelinler stoluň başynda ketenilije oturýarlar. Ak keteni geýesi gelen ak geýýär, gyzyl geýesi gelen gyzyl geýýär. Kelleside gupbalyja onuň üstünden hem ak örtüklije oturýarlar. Onsoňam, milli şaýlary ýanlaryndan goýanoklar, eginlerine we ýakalaryna çenli şaýlyja. Toýlarda gupba, gülýaka, garaz, türkmeniň her hili şaý-seplerini dakynýarlar.
Ata-enesiniň öýünde her kim öz islegine görä, ýagny keteni, gupba we şaýlary geýmek isleýän geýýär, eger islese fata hem geýýär.
Gelinalyjy gelende kürte, çabyt geýilýär. Türkmeniň şaýlary hem şeýle agyr göterer ýaly däl. Agyr şaý-sepleri dakynmak türkmeniň häzir modasy indi. Gadymy türkmen şaýlarynyň döwri geldi indi häzir, däpler dowam edilýär. Şaý-seplere gowy üns berilýär.
Azatlyk Radiosy: Ýaşlaryň arasynda toý şaý-seplerini dakynmak özgerýärmi? Eger özgerýän bolsa, nähili täzelikler girizilýär? Olaryň, öz aralarynda bäsleşip, şaýlaryň sanyny artdyrýan wagtlary bolýarmy?
Abadan Berdiýewa: Dogrusyny aýtsam, o ýyldan bu ýyla gaty uly üýtgeşiklikler göze ilýär. Bir-iki aý mundan öň durmuşa çykanlaram täzeden-täze moda tapyp, biri-birinden gowurak etjek bolýarlar, her zada üns berip, göwrümini ulaldýarlar.
Olary güýji ýeten satyn alýar güýji ýetmeýän prokadyna alýar. Prokadyň bahasy şaý-sepe we ony näçe saklanyňa bagly. Eger bir aý saklasaň, köne puldan 2 million tölemeli öýdýän, näçe saklanyňyň wagtyna görä.
Kürteleri hem güýji ýeten-ä satyn alýar, onsoňam kowum-garyndaşlary we joralary geýip biler ýaly öz aralarynda ylalaşyp, alyp geýýänlerem bar. Köplenç prokada alynýar.
Kürtäniň prokady onuň nagşyna, täzeligine baglylykda 2-3 million manat aralygy bolýar. Eger öň hiç atynylmadyk täzeje kürte bolsa onda gymmat bolýar. Aý, gelin bolup oturýan wagtlaryna çenli alynýar prokada, bir aý ýa 25 gün gelin bolup oturylýar.
Azatlyk Radiosy: Gelniň egin-eşiklerini prokada almak maşgalaryň maliýe ýagdaýyna agram salýarmy?
Abadan Berdiýewa: Aý, o zatlary özleri ilki galyň alanlarynda hemmesini ölçeýärler. Puluny ölçäp, düşer ýaly edýärler.