Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halk henekleri we degişmeleri


Çekeleşik karikaturasy.
Çekeleşik karikaturasy.
Adalatsyzlyk

Türme kamerasyna getirilen täza tussagdan ozaldan outran tusaglykdaky bendiler:

– Saňa haýsy madda esasynda sud etdiler? Seniň günäň näme?– diýip, haýpygelijilik bilen soraýarlar.

Kamera täze getirilen tussag:

– Aslynda mende hiç hili günä ýok. Biler bolsaňyz, men bir gyza jandan-tenden aşyk boldum. Ol gyzyň ata-enesi magşugymy maňa bermez diýen gorky mende döredi. Onsoň aşyk bolan gyzyma “Gel, gaçaly, ata-eneň seni maňa bermez” diýdim. Magşugym razy boldy. Gaçmagy wadalaşan günümiz ol maňa ilki gymmat bahaly şaý-sepleri düwülen düwünçegi getirip berdi. Ol egin-eşikli bukjasyny almaga öýe girende, “Biziň gaçjak bolýanymyzy ata-enesi duýan bolaýmasyn” diýen gorky kalbyma ornady. Şu howsala sebäpli aljyrap, söýgülimiň daşara çykaryna-da garaşman, gaçdym. Ine, indem maňa “Talaňçylyk” diýen madda esasynda günä bildirip, şunça ýyl azatlykdan mahrum etdiler. Bu ýurtda azat söýgä, adalata orun ýok” diýip, zeýrenipdir.

***

Ýaryş

Biri tötänlikde duşan klasdaşynyň ýanynda öwünýär:

– Ýakynda milli göreş boýunça uly ýaryşa gatnaşyp, etrabymyzyň adyna şöhrat getirdim. Men ol ýaryşda onunjy orny eýeläp, güýçli pälwanlaryň birinji onlugyna düşdüm – diýýär.

Klasdaşynyň üstünligine begenen klasdaşy ondan:

– Ol ýaryşa jemi näçe pälwan gatnaşdy? – diýip soraýar.

Birinji onluga düşen “pälwan”:

– Jemi on pälwan gatnaşdy – diýip, jogap berýär hem-de
öwünmegini dowam etdirýär.

***

Baý tansçy

Iki boýdaş gyz pynhan ýerde pynhan gürrüň edýär. Olaryň biri jorasyna ýürek syryny açyp:

– Ýigitlere göwnüm ýetmän garrygyzlyk ýaşyna ýetip barýan. Häzir maňa üç ýigit aşyk boldy. Olaryň biri tütjar baý, ikinjisi akylly, üçünjisi meşhur tansçy. Şolaryň haýsy birine durmuşa çyksam, dogry bolar? Ýaşym-da esli boldy– diýip, maslahat soraýar.

Boýdaşy oňa:

– Munça garaşypsyň, indem garaş! Baý ýigide tans etmegi öwredip, şoňa durmuşa çyk! Akyllynyň akylyny, tansçynyň meşhurlygyny başyňa ýapjakmy?– diýip, çyny bilen jorasyna maslahat beripdir.

***

“Bir topar işsiz…”

Obanyň aksakgallary jem bolup, ýaşy bir çene ýetse-de, mal-gara ogurlaýan bir sakgaldaşlaryny akyla, edebe gagyryp, “Pylany, saç-sakgalyň agardy. Ulus-iliň mal-garasyny ogurlap, ili çürkemegiňi bes et! Ol dünýäňi ýada sal! Bu zatlar üçin ol dünýäde senden jogap soralar” diýipdirler.

Ol dünýä, ahyrýet ara düşeni üçin howsala düşen oba ogrusy olardan:

– Ol dünýäde näme bolar?– diýip sorapdyr.

Aksakgallar oňa:

– Ol dünýäde ogurlan mallaryň-da, mal eýeleri-de direler. “Ine, şu mallary ogurlap, şu mal eýelerine jebir etdiň” diýip, senden hasap soralar. Ahyrýetde jaýyň sakar dowzah bolar– diýipdirler.

Jany ýerine gelen oba ogrusy:

– Şu diýýäniňiz çynmy? – diýip sorapdyr .

Olar ýerli-ýerden “Çyn, hakykatyň hut özi” diýipdir. Ol sakgaldaşlaryna ýüzlenip:

– Siz garrylyk basmarlap, nämä güýmenjegini bilmän ýören bir topar akyly çaşan işsiz garrylar! Ol dünýäde ogurlanan mal-gara, olaryň eýesi direlýän bolsa, men dawa-jenjel etmän “Mal-garaňyzyň başy tükel. Olara eýe boluň!” diýerin – diýip,
syýnyny silkip, turup, gidiberipdir.

Il içinden çöplän we toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew
XS
SM
MD
LG