Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

K.Lewinson: "Eýrandan hemaýat ýok"


Federal derňew býurosynyň öňki ofiseri ýitirim bolan Robert Lewinson.
Federal derňew býurosynyň öňki ofiseri ýitirim bolan Robert Lewinson.

Federal derňew býurosynyň öňki ofiseri Robert Lewinsonyň maşgalasy onuň täze suratlaryny çap etdi. Lewinson 2007-nji ýylyň mart aýynda Eýranyň Kiş adasyna eden saparynyň dowamynda ýitirim bolupdy. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gowşan suratlarda “Guantanamo Bay” türmesiniň tussagynyň geýmini geýnen Lewinson elinde dürli ýazgyly kagyzlary tutup dur. Lewinsonyň aýaly Kristina Lewinson bu suratlaryň iki ýyla golaý wagt mundan ozal özüne gowşandygyny habar berdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: 8-nji ýanwarda metbugatda çap bolan suratlar size haçan gowuşdy?

Kristina Lewinson: Bu suratlar bize 2011-nji ýylyň aprel aýynda geldi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Näme üçin siz bu suratlary, iki ýyla golaý wagt geçensoň, edil häzir çap etdiňiz?

Kristina Lewinson: Olar bize gowşanda, ýöne bir suratlardy, olaryň näme maksat bilen iberilendigi düşnüksizdi. Şonuň üçin olary köpçülige görkezmäge zerurlyk ýokdy. Bu bize meseläni çözmek üçin kömek berip biljek däldi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Şondan bäri näme üýtgedi? Bu suratlar bilen baglylykda anyk bir zat belli boldumy?

Kristina Lewinson: Men häzirki pursatda nämäniň bolýandygyny köpçüligiň bilmeginiň möhümdigini duýýaryn. Biz şol adamlar bilen kontakty ýola goýup, olarda nähili talaplaryň bardygyny bilmäge synanyşdyk, emma şu çaka çenli maglumat alyp bilmedik.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Şol suratlaryň iberilen wagty siziň adamyňyzy zamun hökmünde saklaýan adamlardan iň soňky sapar habar gelşimidi?

Kristina Lewinson: Bu Bob barada iň soňky gezek habar gelen gezegidi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siziň bu suratlary razwedka gulluklarynyň ýardamy bilen ýaýradanlygyňyz düşnükli. Olar bu suratlar barada näme diýdiler?

Kristina Lewinson: Biz, dogrudanam, bu suratlary Federal derňew býurosyna görkezdik. Emma, gynansak-da, bizde suratlardan başga maglumat ýok. Olar bize suratlar barada goşmaça maglumat bermediler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Robert Lewinson suratlarda nähili görünýär?

Kristina Lewinson: Şol suratlarda adamym sag görünýär. Emma şol suratlarda sorag döreden bir mesele bar. Bize 2011-nji ýylda gowşan suratlaryň 2010-njy ýylda gowşan wideonyň yz ýanyndan alynmagy mümkin däl. Sebäbi adamymyň suratlardaky ýaly ösgün saç-sakgalyny gysga wagtda ösdürip bolmaýar. Şonuň üçin şol suratlaryň bize 2010-njy ýylda iberilen wideoýazgynyň öňünden alnan bolmagy çak edilýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz adamyňyzyň diridigine ynanýarsyňyzmy?

Kristina Lewinson: Hawa, men ynanýaryn. Emma, gynansak-da, biz hiç zat bilemzok, onuň saglygy-da aladalanma döredýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: ABŞ-nyň käbir resmileriniň pikirine görä, bu suratlarda eýran ýolbaşçylarynyň eli bar. Siz bu pikir bilen ylalaşýarsyňyzmy?

Kristina Lewinson: Meniň bilşime görä, ol Eýranyň bölegi bolan Kiş adasynda ýitirim boldy. Şondan soň ony hiç kim görmedi. Eýrana eden saparymyň dowamynda maňa malim bolşuna görä, ol Kiş adasyny terk etmändir. Men Eýranyň hökümetiniň bu meseläni çözmegini isleýärin. Olar bize hiç hili ýardam bermediler. Alty ýyla golaý döwür geçdi, bu meseläni çözmek üçin wagt ýetdi.

XS
SM
MD
LG