Şeýlelikde, Hatyra güni ozaly bilen Gökdepe galasynyň 1881-nji ýylda rus patyşa goşunlary tarapyndan rehimsizlik bilen syndyrylyp, türkmen topragynyň Rus imperiýasyna güýç bilen boýun egdirilen güni hökmünde alamatlanýar.
Sowet häkimiýeti ýyllarynda Gökdepe urşy bilen baglanyşykly möhüm taryhy faktlar ýoýlup we ýaşyrylyp, Türkmenistanyň territoriýasy şol döwürlerde Rus imperiýasyna meýletin birikdirilen hökmünde görkezilip gelnipdi.
Sowet häkimiýetiniň bu ideologiýasyny diňe bir rus alymlary däl, eýsem türkmenistanly alymlar-da özleriniň “ylmy delilleri” bilen gorap hem wagyz edip gelipdiler.
Emma 1980-nji ýyllaryň ahyrlarynda şol wagtky sowet lideri Mihail Gorbaçýowyň ýola goýan üýtgedip gurmak we aç-açanlyk syýasaty Gökdepe tragediýasy bilen baglanyşykly taryhy hakykatyň-da açyk beýan edilip başlanmagyna itergi beripdi.
Eýsem, şu günki gün Türkmenistanyň okuw programmalarynda Gökdepe wakasy barada ýaş nesle nähili düjünje berilýär? Türkmenistanly häzirki ýaşlar bu möhüm taryhy waka barada näme bilýärler? Türkmenleriň güri ýaşaýan goňşy ýurtlarda häzirki türkmen ildeşlerimizde bu barada nähili garaýyşlar bar?
Azatlyk Radiosynyň bu gezekki ýörite gepleşiginde şu meselelere üns berildi.
Şu gepleşigi diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:
Teswirleri gör (8)
Has köp teswir ýükle