Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Freedom House": Türkmenistan ýene iň erbet ýurtlaryň biri


ABŞ-da ýerleşýän "Freedom House" guramasynyň täze ýyllyk hasabaty, 16-njy ýanwar, 2013.
ABŞ-da ýerleşýän "Freedom House" guramasynyň täze ýyllyk hasabaty, 16-njy ýanwar, 2013.
“Freedom House” guramasynyň ýyllyk hasabatyna görä, postsowet döwletleriniň baltika regionyndaky döwletlerden başgasy syýasy we sosial nukdaýnazardan dünýäde iň repressiw diýlip hasaplanýan Ýakyn Gündogar regionyndaky döwletler bilen bäsleşýärler. Dünýäniň 195 ýurdunyň azatlyk derejesine syn edýän “Freedom House” guramasy çap eden täze hasabatynda 2012-nji ýyl boýunça ýagdaýa baha berýär.

“Freedom House” guramasynyň barlaglar boýunça wise-prezidenti Arç Paddingtonyň sözlerine görä, täze hasabatda Ýewraziýa regiony syýasy hukuklar meselesinde dünýä boýunça iň ýaramaz diýlip kesgitlenýär. Munuň ozalky ýyllar bilen deňeşdirilende täzelikdigini Paddigton belledi.

Hasabatda Orsýetde Putiniň döwlet başyna gelmeginiň tutuş regiona täsir ýetirendigi aýdylýar. “Putin geçen ýylda köpçülikleýin çykyşlary we graždan jemgyýetçiligini çäklendirmek, metbugatda we internetde pikir azatlygyna basyş etmek arkaly açyk jemgyýetleri äsgermeýändigini görkezdi” diýlip, bu hasabatda bellenilýär, Moskwanyň ABŞ-nyň USAID agentligini ýurtdan çykarmak kararyna hem aýratyn üns berilýär.

Merkezi Aziýanyň ýagdaýy

“Freedom House” guramasynyň hasabatynda Täjigistana berlen baha ozalky ýyllardan ýaramazlaşdy. Munuň geçen ýylyň tomsunda Daglyk Badahşan regionynda geçirilen harby çäreler, sudsuz jezalandyrmalar we metbugata edilen basyşlar bilen baglydygy hasabatda görkezilýär.

“Dünýädäki azatlyk” boýunça ýyllyk hasabatda bellenişine görä, Gazagystan geçen ýylda habar serişdelerinde we internetde 2011-nji ýylda Žanaözende bolan gandöküşikli wakalar bilen bagly oppozision maglumatlaryň çap edilmegine garşy çäreleri güýçlendirdi.

Şol bir wagtda-da 2012-nji ýylda Täjigistandaky we Gazagystandaky ýagdaýyň Belarusdaky, Özbegistandaky we Türkmenstandaky ýagdaýlardan ganymat bolandygy hasabatda aýdylýar. “Freedom House” guramasy azatlyga basyş edýän bu ýurtlary, şol sanda Türkmenistany, Siriýa, Somali we Demirgazyk Koreýa bilen bir hatarda goýýar.

Arç Paddingtonyň sözlerine görä, Merkezi Aziýa ýurtlaryna dünýä ýüzünde iň erbet baha berildi, Özbegistandyr Türkmenistan bolsa “erbedinden erbedi” kategoriýasyna girýärler.

Hasabata görä, regionda syýasy hukuklaryň çäklendirilmegi 2012-nji ýylda azatlygyň derejesine berlen baha täsir ýetiren meseleleriň diňe biridir. Hasabatda ýedi ýyl bäri ýurtlaryň köpüsinde azatlygyň derejesiniň pese düşýändigi aýdylýar.

Aladalandyryjy tendensiýalar

Maglumata görä, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika regionlarynyň “azat bolmadyk” Liwiýa we Tunis ýaly ýurtlary ozalky ýylda demokratik öwrülişikler sebäpli “çäkli derejede azat” diýen kategoriýa geçirilen bolsa, 2012-nji ýylda bu ýurtlaryň azatlyk derejesi hökümetleriň oppozisiýa eden basyşlary sebäpli ýaramazlaşypdyr.

Hasabatda Müsürde “Musulman doganlary” partiýasynyň demokratiýadan daşlaşmagynyň we tutuş Pars aýlagynda azatlygyň howp astyna düşmeginiň aladalanma üçin esas döredýändigi aýdylýar.

Alada döredýän beýleki tendensiýalaryň arasynda musulmanlaryň musulmanlara garşy zulum etmegine aýratyn üns berilýär. Bu ýagdaýyň Pakistanda we Yrakda “aýylganç” derejä ýetendigi aýdylýar.

“Freedom House” guramasynyň hasabatynda Türkiýede graždan azatlyklarynyň howp astyndadygy, Hytaýda başga pikirlilige berk basyşyň edilýändigi, Eýranda blogerleriň we azlyklaryň uzak wagtlap repressiýalara sezewar edilýändigi aýdylýar.

Hasabata görä, dünýä ilatynyň 43%-ti azat we 23%-ti çäkli derejede azat jemgyýetlerde ýaşaýar, 34%-ti bolsa azat bolmadyk ýurtlarda ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG