Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýala durmuşa çykan türkmen gyzy


Sabina (sagda) we onuň italiýaly äri
Bir görende aşyk bolup, durmuş gurýan ýaşlar örän seýrek duş gelýän bolsa gerek. Eger şol ýaş çatynjalaryň hersi başga ýurtlardan hem tapawutly dillerden bolup, tapawutly dinlere ynanýan bolsa, beýle mümkinçilik hasam azalýar.

Emma türkmenistanly Sabina we italiýaly Matteo seýrek duş gelinýän bu ýagdaýyň janly şaýady. Olar Germaniýada tötänlikden duşuşyp, bu duşuşygyň yzy dostlyga ýazyp, ýakynda hem durmuş toýy bilen jemlendi.

Düýşdäki ýaly bu hekaýat nähili başlandy, nähili dowam etdi we nähili jemlendi? Täze Tolkun bu soraglar bilen gyzyklanyp, Sabina bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Sabina, adamyňyz bilen nirede duşuşdyňyz, onuň asly nireli, bize bu barada gürrüň beräýseňiz?

Sabina: Biz Germaniýada tanyşdyk, sebäbi men Au-pair programmasyna gatnaşyp, nemes dilini öwrenýärdim. Meniň adamym Matteo hem şol wagt Germaniýada işleýärdi. Şeýdip, tötänden ol ýerdäki parklaryň birinde duşuşdyk. Matteonyň asly italiýaly, ol dürli ýurtlarda işleýär.

Sabina (ortada, ak eşikde) adamsy bilen
Sabina (ortada, ak eşikde) adamsy bilen

Azatlyk Radiosy: Matteo bilen parkda duşuşdym diýdiňiz, siz daşary ýurtlyny göreniňizde, oňa haýsy dilde ýüzlendiňiz we gürrüňe nämeden başladyňyz?

Sabina: Biz gepleşige iňlis dilinde başladyk. Men öz uniwersitetimi gözleýärdim, şonuň üçin ondan soradym, bileňokmy diýip. Ol bilýän ekeni, meni uniwersitetime çenli ugradyp, men tä dokumentlerimi tabşyryp bolýançam garaşdy, onsoň bilelikde naharlanmana çagyrdy. Şeýdip, bilelikde ilkinji gezek naharlandyk.

Azatlyk Radiosy: Sizi özüňiziň Türkmenistandandygyňyzy aýdanyňyzda, Matteonyň muňa reaksiýasy nähili boldy?

Sabina: Onuň ilkibaşda örän haýran galany ýadyma düşýär. Sebäbi onuň görüp-eşitmedik ýurdundan biri Germaniýada ýaşap ýör. Şonuň üçin ol maňa Türkmenistan barada birgiden sorag berip başlady.

Azatlyk Radiosy: Sabina, daşary ýurtly birine durmuşa çykaryn diýip pikir edipdiňizmi? Häzirki wagtda nähili duýgulary başdan geçirýärsiňiz?

Sabina (çepde) äri bilen
Sabina (çepde) äri bilen
Sabina: Ýok, dogrymy aýtsam, hiç haçan pikir etmändim bu barada, okuwymy gutaranymdan soňra Türkmenistana dolanmagy göz öňümde tutýardym. Emma ABŞ-nyň uniwersitetine kabul edildim, soňam Matteo bilen tanyşdym, şeýdip, ähli planlarym üýtgedi.

Men bir tarapdan, begenip, özümi bagtly duýýan bolsam, beýleki tarapdan, gynanýan… Sebäbi türkmenistandaky maşgalamdan örän uzakda ýaşaýan.

Emma gowy zat, meniň maşgalam ýakynda meniň öýüme myhmançylyga geler, soňra biz Matteo bilen Türkmenistana barjak bolýarys. Ol Türkmenistana baryp, meniň maşgalam, garyndaşlarym we dostlarym bilen tanyşmagy örän arzuw edýär.

Azatlyk Radiosy: Sabina, siz birini ýüregiňiz bilen söýýändigiňiz üçin nirede hem bolsa, ýaşamaga taýyn bolupsyňyz, emma siziň maşgalaňyz muňa nähili garaýar?

Sabina: Meniň pikirmçe, olar başda örän begendiler, emma indi men durmuşa çykanymdan soň, meniň hemişe uzakda boljakdygyma göz ýetirdiler. Ilkibaşda hemmeler gutlady, soňra aladalanyp başladylar.

Emma olar biziň biri-birimizi näderejede söýýändigimizi bilýärler. Şonuň üçin häzir biraz köşeşdiler. Türkmenistanda ýaşan bolsam, belki, bu derejede [kimdir] birine aşyk bolup, bagtly bolmazdym. Maşgalam, belki, meni küýseýändir häzir, wagty bilen öwrenişerler. Ondan başga-da, maşgalam bilen her hepde gürleşýäris. Şonuň üçin bu bir problema hem däl.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, halkara nikalarynyň gowy taraplary we onuň bilen baglanyşykly kynçylyklar nämede?

Sabina: Halkara nikasynyň gowy taraplarynyň biri – bu her dürli adamlar bilen duşuşmagym, mysal üçin, men Matteonyň maşgalasy we onuň dostlary bilen tanşanyma örän şat. Emma kynçylyklarda bar.

Bu maşgalaňdan uzakda bolmak. Mende häzir ýewropanyň karty bar, emma men raýatlygy alanymdan soň, Türkmenistana barmagymyz kynlaşar. Eger hiç hili böwetsiz, wiza barada hiç hili alada etmän, baryp-gelip bilsek, gowy bolardy.
XS
SM
MD
LG