Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sygan bagşynyň ýubileýine


Orazgeldi Ylýasow öz döwründe halk arasynda Sygan bagşy ady bilen tanalýardy.
Orazgeldi Ylýasow öz döwründe halk arasynda Sygan bagşy ady bilen tanalýardy.
Türkmen halk aýdym-saz sungatynyň görnükli wekili Orazgeldi Ylýasowyň dünýä inenine 80 ýyl dolýar. Bu ajaýyp bagşynyň ömür ýoly örän gysga boldy. Ol sungat äleminde ýaňy açylyp başlanynda, 40 ýaşyna-da ýetmän, aradan çykdy.

Şeýle-de bolsa, ol edil ýaz gününiň ýyldyrymy ýaly, aýdym-saz äleminde ýagty yz galdyrdy. Ol öz döwründe halk arasynda Sygan bagşy ady bilen tanalýardy.

Orazgeldi Ylýasowyň biwagt ölümi türkmen sungaty üçin örän agyr ýitgi bolup, ol barada 70-80-nji ýyllarda köp gürrüň edildi. Ýazyjy Rahman Gelenow “Sygan bagşy” ady bilen ol hakda roman hem döretdi.

Aýtmaklaryna görä, “Sygan bagşy” romany satuwa çykaýan badyna sanly günüň içinde satylyp gutarypdyr.

Orazgeldi Ylýasow türkmeniň meşhur bagşysy Sahy Jepbaryň iň mynasyp şägitlerinden biri hasaplanylýar.

Onuň aýdan aýdymlaryndan “Ýagşydyr”, “Näzli ýar”, “Amman-amman”, “Ýag ýaly”, “Gitsem gelermen”, “Bidert ýarym”, “Ak ýüzli maralym” halypanyň ýoluny ösdürip bilen, ýokary ussatlykda aýdylan aýdymlar saýylýar.

Azatlyk Radiosynyň bu gezekki medeni gepleşiginde medeni täzeliklerden daşary, bagşy Orazgeldi Ylýasowyň ömri we döredijiligi barada ýörite gürrüň edilýär.

Şu gepleşigi diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG