Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenler Türkiýedäki ilçilerinden näme üçin nägile?


Stambul şäherinden bir görnüş.
Stambul şäherinden bir görnüş.
Azatlyk Radiosy golaýda Türkiýedäki türkmen wekilhanalarynyň işi we bu işe türkmen raýatlarynyň garaýşy barada pikir soralyşyk geçirdi. Bu pikir soralyşyga seslenen okyjylaryň köpüsi Türkiýedäki türkmen wekilhanalarynyň işinden, olaryň türkmen raýatlary barada edýän aladasyndan nägile görünýär.

Şonuň bilen bir wagtda, Türkiýe türkmenistanly migrant işçileriň iň kän barýan ýurdy hasaplanýar. Bu ýurda okamaga ýa-da söwda turizmi, saglyk turizmi bilen barýan türkmenistanly hem az däl.

Wideo: Türkmen prezidentiniň Türkiýä saparynyň dowamynda türkmen medeniýet işgärleri garyň aşagynda çykyş edýärler.



Mundanam başga, Türkiýäniň habar serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlary bilen ilteşikli jenaýat işleri barada hem yzygider maglumat berilýär.

Türkiýä işlemäge baryp, ol ýerde galmak üçin kanuny möhleti gutaryp, bikanun ýaşap ýören türkmenistanlylaryň hem, deportasiýa edilýän, ýagny ýurtdan çykarylýan türkmenleriň hem bardygy aýdylýar.

Bularyň hemmesi birleşip, Türkmenistanyň Türkiýedäki wekilhanalarynyň öňünde uly-uly wezipeleriň durandygyny görkezýär. Eýsem bu wezipelere nähili hötde gelinýär we bu ugurda esasan nämelere üns berilse gowy boljak?

Azatlyk Radiosy şu mesele barada pikir alyşmak üçin Türkiýede ýaşaýan türkmen işçileri Rozybaý Jumamyradowy, Aýnany we Gül hanymy, şeýle-de ozal Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi bolup işlän Nurmuhammet Hanamowy “Tegelek stol” söhbetdeşligine çagyrdy.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
XS
SM
MD
LG