Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: “Adyňyz ýazylgy eken”


Çekeleşik karikaturasy.
Çekeleşik karikaturasy.
Adyňyz ýazylgy eken

Bir gezek meşhur ýomakçy şahyr Pyhy Tagan dost-ýarlarynyň käbirine jaň edip:

– Indiki ýegşenbede – bazar güni doglan günümi bellejek. Myhmanym boluň, doglan günümi bile belläliň-diýip, olara toý habaryny ýetiripdir.

Pyhy dädäniň doglan gününden iki gün ozal onuň goňşy obada ýaşaýan golaý inileriniň biri-de ogul öýerip, toý tutupdyr. Pyhy däde inisiniň tutýan toýuna ähli maşgala agzasyny- da bile alyp gidipdir.Toý şowhunyna, meýlis-märekesine goşulyp-garylan Pyhy däde öz doglan gününi, şonuň bilen bagly dost- ýarlaryna eden çakylygyny-da undupdyr.

Ol soňky hepdäniň 2-nji güni (sişenbede) öýüne dolanypdyr. Howlusynyň derwezesiniň 3-4 ýerine hek, reňk bilen ýazylan “Eşek” diýen söze gözi düşende, onuň doglan güni bilen bagly dost-ýarlaryna eden çakylygy ýadyna düşüpdir. Ýöne ýadawlygy sebäpli olardan ötünç soramagy, täzeden myhmançylyga çagyrmagy
ertire goýupdyr.

Şol gün agşamara dostlarynyň iň ýaşulysy Pyhy dädäniň öýüne jaň edip:

– Ýörite sowgat-peşgeş alyp, diýen wagtyň öýüňe bardyk. Derwezäň gulply duran eken. Bu çykarýan hokgaň näme?!– diýip, gara çyny bilen igenipdir.

Onuň göwni Pyhy dädä ötünç soratmak eken. Pyhy däde:

– Gelip-gideniňizi howla girmänkäm bildim. Derwezä adyňyzy ýazyp giden ekeniňiz. Ýene-de dört günden , ýagny bazar güni doglan günümi bellejek. Sizi myhmançylyga çagyrýan – diýipdir.

***

Berdi Kerbaba kakam bolsa…

SSSR döwry azyk dükanlarynda iň ýokary sortly etiň 1kilogramynyň bahasy 1 rubl 80 köpükdi. Bazarlardaky hususy et dükanlarda welin 3 rubla golaýlaýardy, ýagny 1.5 esse gymmatdy. Güzeran-oňşugy oňat adamlar bazardaky hususy dükanlardan et satyn alýardylar.

Bir gezek meşhur ýazyjy Berdi Kerbabaýew-de bazara et satyn almaga barýar. Gözüne ýakan bir toklynyň läşini görkezip:

– Şony tutuşlygyna çek! Bir kilogramy näçe manada durýar? – diýip, satyja ýüzlenýär.

Berdi agany gaýybana tanaýan satyjy ýigit öz aýagy bilen üstüne gelen barjamly müşderiden mazaly “ýonmak” üçin nebsini şagladýar:

– Beýleki müşderilere her kilosyny ýç manat segsen köpükden satýarys. Berdi aga, siz toklynyň läşini tutuşlygyna satyn alýarsyňyz, üstesine-de siz hormatly ýazyjymyz. Size hormatymyz uludyr. Oňşarys, etiň her kilosyny üç manat
elli köpükden bereris– diýýär.

Berdi aga:

– Inim, bu bahaň gala gymmat bolýar. Meniň şu bazardan her kilosyna üç manatdan köp pul töläp et satyn alan gezegim ýok – diýip, närazylyk bildiripdir.

Satyjy ýigidem gaýra tesmeýär:

– Berdi aga, medisina inistitutynda mugallym bolup işleýän ogluňyz Baýram mundan ýç-dört gün ozal edil şunuň ýaly toklynyň läşini tutuşlygyna satyn aldy. Her kilosyna üç manat segsen köpükden töledi – diýýär.

Berdi aga:

– Wah, meniňem Berdi Kerbaba ýaly baý kakam bolan bolsady, onda Baýram ýaly her kilosyna üç manat segsen köpük töläp, ownuklap durmazdym. Her kilosyny bäş manatdan satyn alardym – diýipdir.

***

Ýuwlukdan soňra kim?

Bir gezek belli ýomakçy ýazyjy Gurbangylyç Hydyrowdan:

– Gurbangylyç däde, siz menden tas iki müçe ýaşuly. Adamyň nesil dowamynyň, ýagny ýedi arkasynyň her biriniň ady bar. Meselem, birinji arka ogul. Oglumyň çagasy agtyk. Agtygyň çagasy çowluk. Çowlugyň çagasy ýuwluk. Men ýuwlukdan soňky üç arkanyň adyny bilemok. Şolaryň adyny aýdyp bersene – diýip, haýyş etdim.

Gurbangylyç aga:

– Inim, ýuwlukdan soňkylaryň adyny biljek bolup, azara galma! Ýuwlukdan soňkular agzy gyzan wagty süýji wada berip, soňra-da sözünde tapylmaýan jüwlükdir ( ýalançydyr) – diýdi.

***

Her kim özüniňkä eýe çyksyn

Ýomakçy ýazyjy, belli žurnalist Işanguly Guljaýew nowbahar ogul perzendini öýermekçi bolup, toý sähedini belleýär. Toýa çenli bir aý çemesi wagt baram bolsa, aýaly her gün ençeme sapar:

– Il-güne gep bolman, toýy sag-aman sowmak nesip etsin! Işan, sen, hamala, ogul öýerip, toý tutýan başga biri ýaly, juda arkaýyn görünýäň. Senem toý aladasyny et ahyryn – diýip, onuň bizar-petegini çykarypdyr.

Işanguly aga bu igençleri eşitmezlige salyp, ençeme gün dymypdyr. Ahyry sabyr käsesi dolup:

– Gelin baý, toýa seniňem, meniňem garyndaşlarym geler. Toýy toýa şolar meňzetmeli. Ýöne olar buz üstünde tozan arap, sähel zadyň üstünde öýke-kine edip, toýy bozjak bolar. Toý günleri sen-ä öz garyndaşlaryňa, menem öz garyndaşlaryma göz-gulak bolup, şolara toýy bozdurmaly! Şolara eýe çyksak,
il-gün toýumyzy toýa meňzedip, sag-aman sowar – diýipdir.

Il içinden çöplän we toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew
XS
SM
MD
LG