Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür gozgalaň turan üç şäherde adatdan daşary ýagdaý girizdi


Müsüriň prezidenti Muhammad Morsi soňky günlerde bolan gozgalaňlarda onlarça adamyň öldürilen we ýaralanan şäherlerinde 30 günlük adatdan daşary ýagdaý girizdi.

Ýekşenbe güni agşamlyk yglan edilen karara görä, Port Saýd, Ismailia we Suez şäherlerinde gijelerine komendant sagady giriziler.

Şeýle-de Morsi duşenbeden başlap, soňky krizisi çözmek üçin, syýasy şahslar bilen dialoga başlajagyny aýtdy.

Soňky günlerde bolan gozgalaňlarda 50 çemesi adam öldi, olaryň köpüsi Ortaýer deňziniň ýakasyndaky port şäheri bolan Port Saýddan.

Azyndan ýedi adamyň atylyp öldürilendigi aýdylýar. Bu şäherde bazar güni dowam eden gozgalaňda bolsa 400-den gowrak adam ýaralandy.

Şenbe güni Port Saýdda 30-dan gowrak adam öldürildi. Port Saýda we Sueze goşun bölümleri ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG