Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ak ýoldan” barýan ABŞ-ly suratçy


"Ak ýol" tapgyryndan bir surat
"Ak ýol" tapgyryndan bir surat
“Ak ýol” – Merkezi Aziýanyň köp ýerinde bir ýere sapar etmekçi bolýan adama arzuw edilýän sözlerdir. 43 ýaşly ABŞ-ly suratçy Iwan Sigal 1998-2005-nji ýyllar aralygynda öz fotokamerasy bilen regionyň köp böleklerine syýahat edipdi.

Munuň netijesinde köpçüligiň dykgatyna Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Owganystana degişli müňlerçe surat, şeýle-de bu regiona syýahatçylyk baradaky film hödürlendi. Sigalyň suratlarynda ak we gara reňkler, şadyýan we gussaly keşpler üýtgeşik bir görnüşde utgaşýar.

Iwan Sigalyň döredijiligi bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy onuň bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Bu proýekt nämeden başlandy?

Iwan Sigal: Men taryhyň nädip suratlandyrylýandygy barada çynlakaý oýlanyp başladym. Sosial ylmyň, syýasy ylmyň we sosiologiýanyň uly bölegi ideýalardan we abstrakt pikirlerden başlanýar, soňra şol ideýalaryň üsti adamlar, wakalar bilen ýetirilýär.

Men ýagdaýy üýtgetmek isläpdim we bar zady adamlaryň durmuşyny ýakyndan öwrenmekden, abstraksiýa garşy durup, dürli adamlaryň durmuşyndan düzülen wakalar barada gürrüň bermekden başlamaga synanyşypdym.

Şeýlelikde bu iş dürli adamlaryň durmuşynyň käbir bölekleri barada gürrüň berýän proýekte öwrüldi. Uzak wagtyň dowamynda bu meniň üçin peýdaly bir tejribe boldy. Sebäbi men öňki Sowet Soýuzyna we Merkezi Aziýa syýahat edenimde, töweregimdäki adamlaryň mydama hereketde bolýandygyny görüpdim.

Adatça, ösen ýurtlardan Merkezi Aziýa ýaly çöllük bir regiona barýanlar bu syýahatçylygyna kolonial nukdaýnazardan garaýarlar we gören zatlaryna özüçe baha berip, öz ýurduna dolanýarlar.

Emma Merkezi Aziýa regiony dünýäniň wajyp bir bölegi bolup durýar. Merkezi Aziýada bar zat özgerýär. Şeýlelikde adaty garaýşy üýtgetmek üçin öz ýaşaýan ýeriň we syýahatçylygyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmaly. Meniň esasy ýörelgäm hut şundan ybarat bolupdy.

Azatlyk Radiosy: Siziň Merkezi Aziýada alan suratlaryňyzyň käbirleri örän umytlandyrjy görünýär, käbirleri bolsa örän gussaly. Siz regiona syýahat edeniňizde, şeýle tapawudy anyk duýupmydyňyz?

Iwan Sigal: Merkezi Aziýanyň özi metaforanyň bir görnüşi. Bu hem ýeriň özüne hem-de aň-düşünjäniň aýratynlyklaryna degişli. Proýekt durmuş barada, onda “Merkezi Aziýa bagtlydyr” ýa-da “Merkezi Aziýa bagtsyz” diýip, baha berilmeýär.

Men özüme duş gelen adamlar barada gürrüň berýärin. Olaryň käbirleri bagtly bolup görünýän bolsalar, käbirleri gamgyn görünýärler. Bu proýekt adamlaryň häsiýetlerini, olaryň aýratynlyklaryny görkezýär.

Suratlar adamlaryň durmuşynda bolup geçýän wakalary suratlandyrýar. Žurnalistika, esasan, alnan suratlaryň nämedigini düşündirýär. Emma, meniň pikirimçe, gowy eser düşündiriş bermeli däl-de, sorag döretmeli.

Şeýlelikde meniň maksadym, suraty synlanyňyzda, sizde onuň many-mazmuny barada öz pikiriňiziň döremegini gazanmakdan ybarat.

Azatlyk Radiosy: Siz “Ak ýol” proýektiňiziň üstündäki işi tamamlanyňyzdan soň regiona ýene syýahat etdiňiz. Siz bu ýerde özgerişlik gördüňizmi?

Iwan Sigal: Kitabym üçin iň soňky surat 2005-nji ýylda alnypdy, kitabyň üstündäki iş bolsa 2007-nji ýylda tamamlandy. Men şondan bäri Orsýete we Merkezi Aziýa ençeme sapar bardym.

Meniň pikirimçe, bu ýerde esasy üýtgän zat - Merkezi Aziýa daşky dünýä has köp aralaşdy, region sowet giňişliginden global giňişlige tarap geçişde progressiw özgerişe eýe boldy.

Ýurtlaryň ýagdaýy tapawutlanýar. Aýdaly, has baý ýurt bolan Gazagystanyň ýaşaýjylary has köp syýahat edýärler. Meniň pikirimçe, regionda emele gelen hereket diňe bir gazanç bilen bagly bolman, üzňelikden çykan ýurduň raýatlarynyň dünýägaraýşynyň we häsiýetiniň üýtgäp başlamagyna-da bagly.
XS
SM
MD
LG