“Ak ýol” – Merkezi Aziýanyň köp ýerinde bir ýere sapar etmekçi adama arzuw edilýän sözlerdir. 43 ýaşly ABŞ-ly suratçy Iwan Sigal “ak ýola” birnäçe gezek 1998-2005-nji ýyllar aralygynda düşdi hem-de kamerasy bilen sähralyklaryň içinden geçdi. Ol öňki Sowet Soýuzynyň we Owganystanyň ýerli habar serişdeleriniň döredilmegine kömek bermekde ýyllar boýy işländigi üçin regiony gowy bilýärdi. Suratlary görenler şatlyk we gaýgy sahnalaryny, şeýle-de bu iki duýgynyň ortalygyndaky zatlara şaýat bolarlar. Bular regiony suratlandyrýar.
Amerikaly suratçy “Ak ýoldan” barýar

1
Ýelena atly aýal (ortada) dostlary we maşgalasy bilen Sibiriň Fomka şäherçesinde, 2003-nji ýylda. Sigal bu suratyň dowamly şowhun şagalaňyň yz ýanyndan düşürilendigini aýdýar.

2
Mutgap, Täjigistan (2003)

3
Fomka, Orsýet(2003)

4
Fomka, Orsýet (2003)