Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magtymguly jemgyýetiň kalbyna aralaşýar


Magtymguly-Pyragynyň Aşgabatdaky ýadygärligi.
Magtymguly-Pyragynyň Aşgabatdaky ýadygärligi.
Türkmenistanyň medeni hem ruhy durmuşynda käbir özgerişlikler peýda bolýar.
Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, jemgyýet kem-kemden ruhnamaçylyk syýasatyndan daşlaşýar. Kimleriň ýazany belli bolmadyk kitaby mukaddesleşdirmekden, ondan ant içmekden el çekilýär.

Ýerli synçylaryň pikirine görä, milli medeniýeti hem edebi mirasy dikeltmekde Magtymguly-Pyragynyň eserleri esasy serişde hökmünde hyzmat edýär. Bu ugurda soňky döwürde edilen gowy işler hem az däl.

Magtymgulynyň eserleri täze elipbiýde çap edilip başlandy. Şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygyny dabaraly bellemek barada çäreler geçirilýär. Munuň özi bolsa döwlet syýasatynda halkyň medeni mirasyna sarpa goýulýandygynyň alamaty. Netijede, türkmen jemgyýetinde terbiýe hem görelde mekdebi bolan çeper edebiýat kem-kemden öz ornuny eýeleýär.

Eýsem, Magtymguly näderejede halk durmuşyna aralaşýar? Azatlyk Radiosynyň bu gezekki medeni gepleşiginde käbir medeni täzelikler bilen bir hatarda, şu meseleler bilen baglanyşykly edebiýatçy alym Döwlet Mäneli bilen geçirilen söhbetdeşligi-de diňlärsiňiz.

Şu gepleşigi diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG