Jemgyýetçilik ähmiýetli gurlan binalaryň käbirleri köpçülik tarapyndan tankytlanyp, olaryň üstünden gülnen halatlar hem seýrek bolmandy. Emma, wagtyň geçmegi bilen, şol binalaryň käbirlerine bolan garaýyşlar hem üýtgedi. Azatlyk Radiosy jemgyýetçilik tarapyndan tankydy garalan käbir binalaryň sergisini düzdi.
'Betgelşik' binalar
5
Nýu-Ýorkuň Solomon R. Guggenheim Muzeýiniň çyzgysy 1959-njy ýylda Frank Lloýd tarapyndan taýýarlandy.
6
Luwr piramidalary arhitektor Pei tarapyndan Parižde bina edilip, 1989-njy ýylda açyldy.
7
Liwerpuldaky Kafedral ybadathanasy, Angliýa. Ol Frederik Gibberd tarapyndan çyzylyp, 1967-nji ýylda bina edildi. Ýakynda CNN-iň geçiren pikir soralşygynda ol dünýäniň iň erbet binalarynyň hatarynda boldy.
8
2000-nji ýylda Seattlda açylan Saz tejribesi proýekti hem arhitektor Frank Gehri tarapyndan işlenildi. Ol gysga wagtyň içinde “betmyşan” diýlip tankyt edildi.