Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şahyrlara hem şygra uýan şahyr


Italmaz Nuryýew: “Adamlar, Adamlar, dünýäň ykbalyn päk ýürekli şahyrlara yananyň!..”
Italmaz Nuryýew: “Adamlar, Adamlar, dünýäň ykbalyn päk ýürekli şahyrlara yananyň!..”
Şahyr Italmaz Nuryýew sag-salamat gezip ýörenliginde, şu günlerde 75 ýaşynyň toýuny toýlardy. Arman, ol çärýek asyr mundan öň dünýäden ötdi. Muňa garamazdan, Italmaz 20-nji asyryň ikinji ýarymyndaky türkmen poeziýasynda öçmejek yz galdyrdy.

Italmaz Nuryýew 1938-nji ýylyň 26-njy fewralynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky Çöňür obasynda dünýä inipdi. Ol orta mekdebi gutarandan soň, Moskwanyň Edebiýat institutyny tamamlady.

Soňra köp ýyllap Italmaz Nuryýew metbugatda, aýratynam ,“Edebiýat we sungat” hepdeliginde poeziýa bölümine müdirlik etdi. Ömrüniň ahyrky böleginde ol Türkmenistan Medeniýet ministrliginde işledi.

Ol “Ýyllar meniň basgançagym”, “Ömrümiň bir ýyly”, “Ýüzbe-ýüz”, “Sowgat” ýaly şahyrana kitaplaryň awtory. Onuň goşgularyna ençeme aýdym döredildi. Ol belli kompozitor Çary Nurymow bilen ýakyn döredijilik aragatnaşygynda boldy.
Italmazyň goşgulary mazmuna baýlygy hem hakykaty takyk beýan edýänligi bilen tapawutlanýardy.

Şahyrda şeýle setirler bar: “Adamlar, Adamlar, dünýäň ykbalyn päk ýürekli şahyrlara yananyň!..”

Azatlyk Radiosynyň bu gezekki Medeniýet programmasynda dünýäniň dürli regionlaryna degişli käbir medeniýet we sungat täzelikleri bilen birlikde, şahyr Italmaz Nuryýew barada neşirçi hem ýazyjy Ak Welasapar bilen söhbet edilýär.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG