Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lewis: 'Olar ýedi ýyl nähak jeza çekdiler'


Bir türkmen türmesiniň daşyndan alnan surat.
Bir türkmen türmesiniň daşyndan alnan surat.
Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýew ýaňy-ýakynda türkmen türmesinden azat edildiler. Aktiwistler türmedekä, olaryň hak-hukuklaryny gorap çykyş eden edaralardan birem düýbi ABŞ-da ýerleşýän hukuk goraýjy gurama "Freedom Nowdyr".

“Freedom Now” guramasynyň aktiwistler baradaky aladalaryna adwokat Kreýg Lewis gözegçilik etdi. Azatlyk Radiosy jenap Lewis bilen alyp baran işleri, şeýle-de aktiwistleriň häzirki durumy we saglyk ýagdaýlary barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Bilişiňiz ýaly, Amangylyjow we Hajyýew azatlyga çykdylar. Siz bu habara näme diýersiňiz?

Kreýg: Biz, elbetde, olaryň boşadylanyna gaty begendik. Şol bir wagtyň özünde-de olar adalatsyzlyk bilen türmä höküm edilip, ýedi ýyldan gowrak wagty türme tussaglygynda geçirmeli boldular. Biz olaryň bu jezany çekmeli bolandyklary üçin gynandyk, lapymyz keç boldy. Şeýle hem biz olaryň saglygy barada alada bildirýäris.

Olaryň ikisi hem türmä basylmazdan ozal kesellidi. Türmede olara ýeterlik medisina kömeginiň edilmändigini göz öňünde tutsak, onda olaryň ýagdaýy erbetleşen bolmaly. Elbetde, olaryň boşadylmagyna biz şat, emma olaryň häzirki ýagdaýlary barada alada edýäris.

Azatlyk Radiosy: Kreýg, siz nähili keselleriň gürrüňini edýärsiňiz?

Kreýg: Habar berilmegine görä, Hajyýew tussaglykda wagty üç ýyl gowrak kükregindäki agyrylar sebäpli ejir çekipdir. Şeýle hem bize olara damarlarynda yz galdyrýan nähilidir bir sanjymlaryň sanjylandygy barada maglumatlar gowşupdy.

Ondan basga-da, Hajyýewiň psihiki ýagdaýynyň hem erbetleşendigi barada yzygiderli maglumat berildi. Şeýle-de onuň aň-huşy bilen bagly problemalardan ejir çekýänligi barada gaýta-gaýta habar berlipdi. Şol problemalaryň onuň türmede alýan bejergisi sebäpli ýüz berendigi çaklanylýar. Şol problemalar onuň öz-özi bilen gepleşmegi ýa-da başga sesleri eşitmegi ýaly ýagdaýlardan ybaratdyr.

Şeýlelikde, onuň saglygy barada aladalanmaga iki sebäp bar: biri, onuň kükregindäki dowamly agyrylar; ikinjisi hem onuň psihiki ýagdaýy bilen baglanyşykly problemalar.
Amangylyjowyň saglyk ýagdaýy bilen bagly birnäçe meseleler bar, aýdylşyna görä, olardan biri buşugmak problemasy, beýlekisi bolsa satanlarynyň arasynda garabaşyň alamatlaryny görkezýän örgünleriň örmegidir.

Bu baradaky aladamyzyň sebäbi hem türmäniň jogapkärleriniň Amangylyjowa keselden gutulmak üçin diňe derman berendikleri we ol dermanyň bary-ýogy aspirin bolandygy baradaky raportlar bilen baglydyr. Diýmek, oňa ýeterlik medisina kömegi edilmändir.

Azatlyk Radiosy: Kreýg, agzalýan tussaglar azatlyga goýberilenden bäri olar bilen ýa-da olaryň ýakyn garyndaşlary bilen gepleşmäge mümkinçiligiňiz boldumy?

Kreýg: Biz olar bilen olaryň garyndaşlary arkaly habarlaşýardyk. Olaryň özleri bilen aragatnaşyk gurup bilmedik.

Azatlyk Radiosy: Olaryň garyndaşlary bilen habarlaşýarys diýdiňiz, Hajyýew bilen Amangylyjowyň ýakynlary olaryň saglygyny bejertmek üçin ýurtda ýeterlik mümkinçilik bar diýip pikir edýärlermi, bu barada siz näme pikirde?

Kreýg: Bu soragyň entek jogaby ýok. Biz hem garyndaşlary bilen geçirilýän gepleşiklerde bu soraga jogap tapmaga synanýarys. Şonuň üçin men häzirlikçe bu soraga jogap berip biljek däl. Biz bu babatda [zerur] derňewleri geçirýäris.

Azatlyk Radiosy: Siz olaryň ýurtdan çykyp, kesellerine gowrak şertlerde bejergi alyp bilmegi üçin nähilidir bir aladalar edýärsiňizmi?

Kreýg: Biz, elbetde, olaryň saglyklaryny düzedip bilmekleri üçin tagallanyň ugrunda. Emma edil häzirki döwürde olary Türkmenistandan çykarmak barada edilýän alada bar bolsa, ondan habarym ýok. Meniň bu meselä hiç hili dahylym ýok. Meniň pikirimçe, bu baradaky karary olaryň özleri kabul etmeli. Şonuň üçin häzirki wagtda biz bu barada alada edemzok.

Azatlyk Radiosy: Kreýg, ahyrsoňy olar azat edildiler, siziň pikiriňizçe, siziň synanyşyklaryňyz Amangylyjowyň we Hajyýewiň azat edilmeginde nähili rol oýnady?

Kreýg: Biziň aladalarymyzyň nähili rol oýnandygyny aýtmak kyn, emma türkmen hökümetiniň bu adamlaryň başyna salýan işini halk köpçüligine ýetirmekde biziň eden işimiziň ähmiýeti bar bolsa gerek. Ondan başga-da, size mälim bolşy ýaly, biz BMG-niň tussaglar babatda iş alyp barýan toparyna arza ýazyp, müşderilerimiziň ýagdaýyna olaryň ünsüni çekmäge synanyşdyk.

Şonuň bilen bilelikde, halkara jemgyýetçiligine türkmen hökümetiniň bu işleriniň halkara borçnamalaryna laýyk gelmeýändigini düşündirdik, şunlukda olar bu iş bilen meşgullanyp başladylar. Men agzalýan toparyň bu işe gözegçilik edip başlamagy Hajyýew bilen Amangylyjowyň tussag edilmeginiň sebäplerine we olaryň tussaglykda saklanýan şertlerine iň bolmanda jemgyýetiň, şeýle hem resmileriň ünsüni çekdi diýip pikir edýärin.

Biz öz arzamyzda tussaglaryň saglyk ýagdaýy barada hem maglumat beripdik. Bu sebäpden müşderilerimize maşgala agzalary bilen ýygyrak duşuşmaga mümkinçilik döredi. Munuň olaryň tussaglykdaky ýagdaýynyň ýeňilleşmegine kömek edendigini çak edýäris.

Emma ýene bir gezek aýdasym gelýär, olara berlen jeza ýedi ýyldy we olar bu ýedi ýyly soňuna çenli diýen ýaly türmede geçirmeli boldular. Beýle ýagdaý meni gaty gynandyrdy.
XS
SM
MD
LG