Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ähliumumy ýowar geçirildi


Şenbe günki ýowarda tutuş Türkmenistan boýunça jemi 755 müň töweregi agaç nahalynyň oturdylandygy habar berilýär.
Şenbe günki ýowarda tutuş Türkmenistan boýunça jemi 755 müň töweregi agaç nahalynyň oturdylandygy habar berilýär.
Şenbe güni, 9-njy martda Türkmenistanyň ähli regionlarynda bag ekmek bilen baglanyşykly umumymilli ýowar kampaniýasy geçirildi. Köpetdagyň etegindäki Çandybil etrabynda gurnalan ýowara Ministrler Kabinetiniň agzalary bilen birlikde, prezident G.Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň resmi mediasy şenbe güni ýurduň ähli künjeklerinde bu bag ekmek kampaniýasyna jemi 465 müň adamyň gatnaşandygyny habar berýär. Ýöne bu ýowara mekdep okuwçylarynyň gatnaşyp-gatnaşmandygy barada resmi maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň resmi habar agentliginiň maglumatyna görä, diňe şenbe günki ýowarda tutuş ýurt boýunça 755 müň töweregi pürli we ýaprakly agaçlaryň nahaly oturdylypdyr.

Aşgabadyň eteginde ozalky ekilen we guran agaç nahallary. Aşgabat, mart, 2013.
Aşgabadyň eteginde ozalky ekilen we guran agaç nahallary. Aşgabat, mart, 2013.
Ýurduň mediasy şenbe günki bu uly gerimli kampaniýany bahar paslyndaky bag ekişlik kampaniýasynyň başlangyjy hökmünde häsiýetlendirýär.

Şenbe güni paýtagt Aşgabadyň töwereklerinde gurnalan bag ekişlik çärelerine Ministrler Kabinetiniň we Mejlisiň agzalarynyň, hukuk we kanun goraýjy organlaryň, edara-kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem daşary ýurt kampaniýalarynyň bölümleriniň we diplomatik wekilhanalaryň işgärleriniň-de aktiw gatnaşandyklary habar berilýär.

Prezidentiň karary

Ýakynda geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow şu ýyl tutuş ýurt boýunça 3 million sany agaç nahalynyň oturdylmalydygy barada ýörite karar kabul edipdi.

Şol karara laýyklykda, bu göz öňünde tutulýan agaç nahallarynyň ýarsy Aşgabadyň töwereklerinde, hususan-da, Änew we Baharly şäherleriniň aralygynda oturdylmaly.

Şol kararda-da ähli regionlary agaç nahallary bilen üpjün etmek, nahallary ekmek we olara ideg etmek işlerine gözegçilik alyp barmak wezipesi Türkmenistanyň Tebigaty goraýyş ministrligine tabşyryldy.

Türkmenistany bag-bakjalyga öwürmek kampaniýasy ozalbaşda ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň inisiatiwasy bilen paýtagt Aşgabadyň töwereklerinde “Gök guşak” ady bilen ýörite programmany amala aşyrmak arkaly başlanypdy.

Emma käbir ýerli synçylar we spesialistler Türkmenistanyň gurak hem-de yssy klimatynda zerur şertler göz öňünde tutulman ekilýän baglaryň köplenç garaşylýan netijäni bermän, guraýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG