Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda jaýsyzlyk güzaby: Çözgüt nirede?


Aşgabatdaky ýaşaýyş jaýy
Aşgabatdaky ýaşaýyş jaýy
Golaýda prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksini tassyklamak we işe girizmek baradaky kanuna gol çekdi.

Şeýle-de prezident biraz öň döwlet eýeçiligindäki rezidensiýalaryň birini ýaşaýyş jaýyna öwrüp, ony geljek ýylyň 8-nji martyna çenli sekiz çagasy bolan aşgabatly maşgalalara mugt bermek barada görkezme berdi.

Elbetde, bular gowy habar. Ýöne ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, käte köp çagaly maşgalalara kömek edilmegi ýurtdaky jaý, mellek meselesini doly çözmek üçin ýeterlik däl.

Fotosergi: Aşgabadyň Çandybil etrabynda ýykylan jaýlar


Soňky ýyllarda dürli gurluşyklar sebäpli ýykylan ýaşaýyş jaýlarynyň köpelmegi, şäherlerde we obalarda jaý salmak üçin ýer bölüp bermegiň çäklendirilmegi, galyberse işsizlik we korrupsiýa ilatyň, hususan-da köp çagaly maşgalalaryň, ýaş çatynjalaryň jaý üpjünçiligi meselesini ýyl-ýyldan agyrlaşdyrýar diýip, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolýan raýatlar aýdýarlar.

Mundanam başga, jaýlary ýykylyp, jaý ýa kompensasiýa berilmeýän, ozalky jaýyndan has dar jaýlara ýerleşdirilýän maşgalalaryň hem bardygy aýdylýar.

Şol bir wagtda, resmi maglumatlara görä, ýurtda oba, şäher gurluşygyna, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ummasyz kän döwlet serişdesi harçlanýar. Emma şol gurulýan jaýlaryň bahasynyň ýönekeý adamlar, köp çagaly maşgalalar, ýaş çatynjalar üçin aşa gymmatdygy hem aýdylýar.

Eýsem Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş jaý problemasynyň nähili anyk çözgütleri bar? Bu ugurda nähili işler edilse gowy boljak?

Azatlyk Radiosynyň bu meselä bagyşlan “Tegelek stol” söhbetdeşligine Aşgabatdan ýerli synçylar Aşyrguly Baýryýew, Nurberdi Nurmämmedow, Amanmyrat Bugaýew gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG