Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak urşunyň simwollary


ABŞ-nyň öňki prezidenti George Buşa köwşüni zyňan yrakly žurnalist Muntadhar al-Zaidi, Fransiýa, 1-nji dekabr, 2009.
ABŞ-nyň öňki prezidenti George Buşa köwşüni zyňan yrakly žurnalist Muntadhar al-Zaidi, Fransiýa, 1-nji dekabr, 2009.

Geçen 10 ýylyň dowamynda ençeme adamlar Yrakdaky urşuň dürli taraplaryny alamatlandyrýan simwollara öwrüldiler. ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Yraga goşun girizilmeginiň 10-njy ýyl dönüminde AÝ/AR-nyň habarçylary şeýle adamlara we Yrakda bolan käbir wakalara syn etdiler.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Yraga goşun girizilmegine bildirlen protestleriň iň köp ýatda galan pursatlarynyň biri urşuň başlanmagyndan bäş ýyldan gowrak wagt geçensoň ýüze çykypdy. Şonda yrakly žurnalist Muntadhar al-Zaidi köwşüni çykaryp, ony ABŞ-nyň prezidenti George Buşdan aýlap salypdy. Yslam dünýäsinde bu kimdir biriniň äsgerilmeýändigini görkezýän hereket hasaplanýar.

“Köwüşli” waka

Muntadhar al-Zaidi we onuň köwşi Yrakda amerikan goşunlarynyň ýerleşmegine garşy protestleriň simwolyna öwrülipdi. Bagdatda geçirilen metbugat konferensiýasynda ýüze çykan şol wakada Muntadhar al-Zaidi amerikan prezindeti Buşy “it” diýip atlandyrypdy we öz hereketini dul aýallaryň, ýetimleriň hem Yrakda öldürilenleriň adyndan edendigini aýdypdy.

Buş şonda dörän oňaýsyz ýagdaýdan degişme bilen baş alyp çykmaga çalşypdy.

Emma şol “köwüşli” waka bütin dünýäniň ünsüni çekipdi we ol Yrakdaky uruş bilen baglylykda Yragyň özünde, tutuş yslam dünýäsinde, Ýewropada we hatda ABŞ-yň özünde hem dörän jemgyýetçilik gahar-gazabyň aýdyň bir mysaly bolupdy.

Al-Zaidiniň gahar-gazaby dünýäde urşa garşy çykyşlaryň köpelen döwrüne we ABŞ-nyň prezidenti George Buşyň hem Britaniýanyň premýer-ministri Toni Bleriň harby jenaýatçylyklarda aýyplanan wagtyna gabat gelipdi.

Bagdadyň sudy Al-Zaidini daşary ýurduň döwlet baştutanyna hüjüm etmeklde aýyplap, sud etdi. Oňa kesilen üç ýyllyk türme möhleti soňra bir ýyla çenli azaldyldy. 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda dokuz aýyny türmede geçiren Zaidi özüni gowy alyp barandygy sebäpli tussaglykdan möhletinden öň goýberldi.

Arap dünýäsiniň “gahrymany”

Ol arap dünýäsinde gahryman hökmünde kabul edildi.

Tikritde bu waka bilen baglanyşykly bürünçden ýasalan köwüş görnüşli uly ýadygärlik dikildi. Bu ýadygärlik birnäçe günden soň häkimiýetleriň tabşyrygy boýunça aýryldy.

Al-Zaidiniň Kairde ýerleşýän ”Al-Baghdadiýa” telewideniýesindäki öňki müdiri oňa sowgat hökmünde uly jaý gurup berdi. Al-Zaidä uly arap telewideniýelerinde iş hödürlenipdi we oňa baý arap biznesmenleri tarapyndan gymmatbaha sowgatlar berlipdi. Saud Arabystanly bir biznesmen Al-Zaidiniň köwşüni 10 million dollara satyn almakçy bolupdy.

Häzir Al-Zaidi Londonda ýaşaýar. Ol žurnalistikany taşlap, yrak urşundan ejir çekenlere ýardam berýän ynsanperwer guramany dolandyrýar.

AÝ/AR bilen söhbetdeş bolan Al-Zaidi uruş zerarly ejir çekýän adamlara kömek bermek işini has möhüm diýip atlandyrdy.

Al-Zaidi “Prezident Buşa soňky sowgat” atly kitabyny çap etdi.

Bu kitap 2011-nji ýylda Nýu-Delide hindi režissýory Maheş Bhat tarapyndan sahnalaşdyryldy.
XS
SM
MD
LG