Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä liderleri Bostonda bolan partlamany ýazgarýarlar


Boston marafonynda bolan bomba partlamasy, Boston şäheri, 15-nji aprel, 2013.
Boston marafonynda bolan bomba partlamasy, Boston şäheri, 15-nji aprel, 2013.
Dünýä liderleri ABŞ-nyň Massaçusets ştatynda ýyllyk Boston marafonynyň geçirilen wagtynda bolan heläkçililikli bomba partlamalaryny ýazgarýarlar.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-moon “dünýäniň ähli künjeklerinden baran adamlary birikdirmek maksady bilen geçirilýän marafonda amala aşyrylan” bu partlamalary aýylganç zulum diýip atlandyrdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin “wagşyçylykly bu jeneýatçylygy” ýazgardy we kömek teklip etdi.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bu waka bilen baglanyşykly şahsy gynanjyny bildirdi we öz ýurdunyň hem “şeýle wakalaryň agyr täsirini başdan geçirýändigini” aýtdy.

Heläkçiligiň derňewi

ABŞ-da bolan bu partlamalar zerarly üç adam heläk boldy, ýene 100-den gowrak adam ýaralandy. Günäkerler entek tapylanok, bu partalmalaryň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.

ABŞ-nyň Federal derňew býurosynyň ýolbaşçylygyndaky derňewçiler bomba partlamalary bolan ýerinde alnan wideoýazgylary gözden geçirýärler.

Prezident Barak Obama partlmalaryň terrorçylykly hüjüm bolandygyny aýtmady. Ol wakanyň entek derňelýändigini belledi. Obama hepdäniň duşenbe güni žurnalistleriň öňünde eden gysga çykyşynda jenaýatkärleri tapyp, olary jogapkärçilige çekmegi wada berdi. Barak Obama bu partlamalaryň pidalaryna kömek bermek we derňewleri geçirmek üçin federal hökümetiň ähli mümkinçilikleri ulanjakdygyny aýtdy.

Wakanyň şaýady

“The Boston Globe” neşiriniň žurnalisti Dawid Abel partlamalaryň biriniň bolan ýerine ýakyn duran eken. Abel marafonyň gutarýan ýeriniň golaýynda durup, finişe ýetip barýan adamlary surata düşürenligini, şol wagt birden partlamanyň bolandygyny gürrüň berdi. Žurnalistiň sözlerine görä, ol partlamanyň tüssesi aýrylansoň, ýerde çüýşe döwükleriň arasynda gana bulaşyp ýatan köp sanly adamlary görüpdir.

Dawid Abel bu wakany öz durmuşynda gabat gelen iň aýylganç ýagdaý diýip atlandyrdy.

Resmi çäreler

Ýurduň Howa gatnawy boýunça federal gullugy partlamalaryň bolan ýeriniň üstünden uçuşa gadagançylyk girizdi. Bostonda bolan bomba partlamalarynyň yz ýany ABŞ-nyň Nýu Ýork, Waşington, Los Angeles, San Fransisko we beýleki şäherlerinde howpsuzlyk gözegçiligi güýçlendirildi.

Käbir maglumatlarda Bostonda partladylmadyk bombalaryň azyndan biriniň tapylyp, ýok edilendigi habar berildi.

Bostonda geçirilen uzynlygy 42 kilometrlik marafon ýaryşyna onlarça ýurtdan bolan 23 müňe golaý adam gatnaşdy. Bu sport çäresi dünýäde iň uzyn taryhy bolan ýyllyk marafon hasaplanýar.

Şu ýylky çäre geçen ýylyň dekabr aýyda ABŞ-nyň Konnektikut ştatynyň Newtown şäherinde bolan ok atyşygynda heläk bolan 26 adamyň hatyrasyna geçirilipdi.
XS
SM
MD
LG