Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda jaý meselesi: çözgüt kime we nämä bagly?


Aşgabatdaky jaý
Aşgabatdaky jaý
Türkmenistanda ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin täze, ýokary amatlykly jaýlar gurulýar, täze şäherçeleriň düýbi tutulýar. Şol bir wagtda ýurduň jaý bazarynda bahalaryň barha gymmatlaýandygy habar berilýär.

Aşgabatda we täze düýbi tutulýan şäherçelerde gurulýan jaýlaryň hem ýönekeý raýatlar üçin örän gymmatdygy, bu ýagdaýyň adamlary uly bergä girmäge mejbur edýändigi aýdylýar.

Eger adamlara jaý gurmak üçin ýer, mellek ýerleri bölünip berilse, ozalam eli ýuka adamlaryň jaý üçin uly bergä girmek zerurlygynyň azaljakdygy belli diýip, Azatlyk Radiosynyň diňleýjileriniň käbiri telefon gürrüňinde aýdýar.

Emma, gelip gowuşýan maglumatlara görä, ýurduň resmi metbugatynda bu hili meseleler gozgalmaýar we diňe täze gurulýan we ulanmaga berilýän jaýlar, düýbi tutulýan şäherçeler barada öwgüli maglumatlar berilýär.

Mundan başga, soňky iki onýyllykda Türkmenistanda dürli gurluşyklar zerarly jaýy ýykylan, netijede hem maddy, hem ruhy taýdan uly zyýan çeken adamlaryň hem az bolmandygy aýdylýar.

Uzak wagtlap mellek ýerleriniň berilmezligi, käte bolsa, ýolötenli Myradyň Azatlyk Radiosyna gürrüň berşi ýaly, mellek sorap, hakyny-hukugyny talap eden raýatyň bahana bilen işden kowulmagy adamlary kyn ýagdaýda goýýar.

Jaý nobatlarynyň uzaga çekmegi, bu meseledäki korrupsiýa bilen bagly üç, dört maşgalanyň bir jaýda, bir howluda ýaşamaga mejbur bolmagy ýaly faktlar hem Türkmenistan ýaly baý, giň ýerli ýurda gelşenok diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Eýsem Türkmenistanda häzir täze, ýokary amatlykly jaýlary gurmak ugrunda edilýän işler ýeterlikmi? Adamlara mellek ýerleriniň berilmezligi ýa-da bu meseläniň süýrenjeňlige salynmagy näme bilen bagly?

Ýaş maşgalalaryň, eli ýuka adamlaryň mellek, ýaşaýyş jaý meseleleri nähili çözülmeli?

Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelk stol” söhbetdeşligini şu meslä bagyşlaýar. Eger bu mesele bilen bagly pikirleriňiz, bellikleriňiz, aýtmak isleýän zatlaryňyz bolsa, bize ýazyň.

Türkmenistanda adamlary uzak wagt bäri kösäp gelýän mellek, jaý meselesiniň çözgüdine oňyn täsir ýetirip biljek peýdaly pikirleriňize garaşýarys.
XS
SM
MD
LG