Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Hindistanly tussaga ölüm howply hüjüm edildi


Pakistanyň Peşawar şäherindäki türmelerden biri. Peşawar, maý, 2012.
Pakistanyň Peşawar şäherindäki türmelerden biri. Peşawar, maý, 2012.
Içalyçylykda aýyplanan we Pakistanyň türmesinde ölüm jezasyna garaşýan hindi raýaty Sarabjit Singh türme kamerasynda ölüm howply ýaradar boldy.

Pakistanyň türmesinde ýüze çykan özara dawalarda onuň öz kameradaşlary tarapyndan kerpiç we kütek predmetler arkaly ýenjilendigi hem-de kellesine ölüm howply ýara salnandygy habar berilýär.

Pakistanyň Lahor şäheriniň keselhanasynyň lukmanlary Sarabjit Singhiň ýagdaýynyň agyrdygyny we onuň häzirki wagt kislorod maskasy astynda ýatandygyny habar berdiler.

Sarabjit Singhiň aklawçysy Owais Şeýh şenbe güni žurnalistlere beren interwýusynda bu wakanyň Hindistanda separatistik Kaşmir regionyndan bir pakistanly raýatyň ölüm jezasy berlip, jezalandyrylmagynyň yzy bilen ýüze çykandygyny aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, pakistanly raýata berlen şol ölüm jezasynyň yzy bilen Sarabjit Singhiň kameradaşlary oňa haýbat atyp başlapdyrlar.

“Sarabjit Singhe onuň kameradaşlary hüjüm edipdir we ol türmäniň resmileri tarapyndan agyr halda keselhana getirildi. Onuň saglyk ýagdaýy örän agyr ýagdaýda. Bu bolan waka bolsa, örän alada dörediji waka. Bu wakanyň Hindistan bilen Pakistanyň gatnaşyklary bilen baglanyşyklydygyna görä, men Sarabjit Singhiň diňe aman galmagy üçin doga ederin” diýip, onuň aklawçysy belledi.

16 ýyl tussaglykda

Sarabjit Singh 16 ýyl mundan ozal Pakistanyň Lahor şäherinde 14 adamyň ölümine getiren bir partlamanyň yzýany tussag edilip, Hindistanyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplanypdy we sud tarapyndan ölüm jezasyna höküm edilipdi.

Singhiň maşgala agzalary onuň adaty bir daýhandygyny hem-de serhoş halda Pakistanyň serhedini tötänlikde kesip geçendigini we onuň Pakistanda bolan partlamalara hiç hili dahylynyň ýokdugyny öňe sürýärler.

Ýöne, beýleki tarapdan, Pakistanyň häkimiýetleri geçen ýyl şuňa meňzeş içalyçylykda aýyplanyp, 30 ýyl tussaglykda oturan başga bir hindi raýatyny azatlyga goýberipdi.

Pakistanyň ozalky prezidenti Perwez Muşarraf 2008-nji ýylda Sarabjit Singhiň öz günäsini geçmek baradaky haýyşyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwrüpdi.

Türmede Sarabjit Singhe ölüm howply hüjüm edilmegine pakistanly ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler ýiti tankyt we alada bilen reaksiýa bildirdiler. Olar ýurduň häkimiýetleriniň onuň howpsuzlygyny talabalaýyk ýagdaýda goramaýandyklaryny aýdyp, muny tankyt edýärler.

Pakistanyň türmesinde amala aşyrylan bu hüjüm bilen bagly waka Hindistanyň habar serişdelerinde uly orun berildi. Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh bu wakany “örän gynandyryjy waka” diýip häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG