Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amyderýanyň ýüzme köprüsi

Lebabyň ýaşaýjylary Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap ýüzme awtomobil köprüsinde ýene-de düýpli bejergä zerurlugyň ýüze çykyp ugrandygyny belleýärler. Bu köpri 3 ýyl mundan ozal Türkmenistanyň prezidentiniň köprüden awtomobilli geçmeginiň öň ýanynda düýpli bejerilipdi.

Uzynlygy bir ýarym kilometre golaý bolan bu köprüden pyýadalar, welosipedliler, ýeňil we uly ýük ulaglylar geçýär. Türkmenistanyň özüne gelýän we daşary ýürtlara ugradylýan üstaşyr geçýän ýükleriniň bir bölegi hem şu köpri arkaly daşalýar.

Ýüzme köpri Derýaýollary önümçilik birleşigine degişlidir.

XS
SM
MD
LG