Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada yrakly meýletinçiler birek-birege garşy söweşýärler


Siriýanyň Jabhat al-Nusra söweşiji toparynyň agzalary. Aleppo. 24-nji dekabr, 2012 ý.
Siriýanyň Jabhat al-Nusra söweşiji toparynyň agzalary. Aleppo. 24-nji dekabr, 2012 ý.
Siriýada uruşmak üçin serhetden geçip, ol ýurda gidýän yraklylaryň takyk sanyny hiç kim bilenok. Ýöne jaýlamak üçin Yraga getirilýän jesetleriň sany az däl.

Bularyň biri şu aý Basrada jaýlanan Dhia'a Mutaşar Gati'e al-Issawy. 26 ýaşly Mutaşar Siriýa hökümetiniň tarapyny çalyp urşup ýörkä, 2-nji maýda Damaskda ölüpdir.

Onuň Siriýa nädip gidendigi berk saklanýan syr bolsa-da, ýas güni syr diýen zat galmaýar. Onuň dogany Mustafa Mutaşar onuň Siriýadaky şaýy guburlaryny weýrançylykdan gorap, şehit bolandygyny aýdýar: "Ol özüniň Saida Zeýnebiň guburyny gorap şehit bolmaga gitjekdigini aýdanda, soňra hem onuň şehit bolandygy baradaky habary eşidenimizde, biz muňa guwandyk. Sebäbi biz şaýy. Onuň jaýlanyş çäresine gatnaşan märeke şu ýerden Şalamça çenli ýetdi. Oňa Saidiň edarasynyň wekilleri gatnaşdylar".

Saida Zeýnep şaýylaryň ilkinji ymamy Alynyň gyzy. Onuň gubury Siriýada hem hökümet, hem-de tutuş regiondaky şaýylar tarapyndan aýratyn mukaddes hasaplanýar. Ýöne Mutaşaryň nädip Siriýa barandygy barada jaýlanyş çäresine gatnaşanlar dymsalar-da, Saidiň, ýagny radikal şaýy ruhanysy Muktada al-Sadryň wekiliniň ýasa gatnaşmagy muňa bir düşündiriş bolup bilýär.

Sadryň al-Mahdi goşuny söweşiji şaýy toparlaryň biridir. Onuň Siriýa söweşiji iberýändigine berk ynanylýar.

Sünniler

Sünnileriň köplük bolup ýaşaýan ýeri bolan Al-Anbar welaýatynda hem Siriýada şehit bolanlary jaýlama çäreleri kadaly geçirilýär. Ýöne bular beýleki tarapy, ýagny Siriýada ilatyň köplügini emele getirýän sünni oppozisiýasyny goldap ölenler.

Şeýh Muhammed al-Haýis "Yragyň ogullary" ýa "Yragyň oýanyşy" atly hereketiň işgäri. Ol al-Kaýda ýaly Yrakdaky radikal sünni toparlaryň Siriýadaky "Al-Nusra Fronty" ýaly beýleki toparlary goldamak üçin ol ýere söweşiji iberýändiklerini aýdýar.

Ölen söweşijileriň jesedi hem Yraga gizlin getirilýär. Onsoň olar Yrakda şaýylaryň agalygyndaky hökümetiň ünsüni çekmezlik üçin, sessiz-üýnsüz jaýlanýarlar. Sebäbi Yragyň hökümeti Siriýada režimiň çalşylmagyna garşy.

"Yrakdan, aýratyn-da Al-Anbardan, Mosuldan we beýleki welaýatlardan uruşmak üçin Siriýa girilýändigi barada biziň elimizde maglumatlar bar. Mundan maksat siriýa halkyny we hökümetini dargatmak üçin siriýa halkynyň we hökümetiniň garşysyna uruşmak. Biz adamlary öldürmäge, olaryň kellesini almaga öwrenişen köp sanly ganhorlary, jenaýatçylary gördük" diýip, al-Haýis gürrüň berýär.

Sünniler we şaýylar

Aslynda yrakly meýletinleriň siriýa konfliktinde birek-birege garşy taraplarda uruşmagy Yragyň öz içindäki şaýy-sünni arasyndaky gowşak parahatçylyga howp salýar.

Ybrahym al-Sumaýda'ee yrakly syýasy analizçi. Ol Siriýa söweşiji iberýän dürli toparlaryň muňa şaýy-sünni arasyndaky güýç synanyşyk hökmünde garaýandygyny aýdýar.

Al-Sumaýda'ee Yrak hökümeti söweşijileriň ol ýere gitmeginiň öňüni almasa, Siriýadaky urşuň Yraga ýaýramagy mümkin diýip, duýduryş berýär: "Sünniler bilen şaýylaryň arasynda bir göreş barýar. Iki tarap, ýa iki lager bar. Bularyň birini Aýlag döwletleri bilen Türkiýe emele getirýär, oppozisiýa hem Eýran. Meniň pikirimçe, bu ýagdaý Yragyň öz içinden bölünmegine getirer. Muňa gatnaşýan söweşijiler - näme delil bilen hem bolsa - sünniler bilen şaýylar. Bular ahyrsoňy özara ýüzbe-ýüz urşarlar. Munuň Yrakdaky ýagdaýa, Yrak jemgyýetine oňaýsyz täsir etmegi mümkin. Abanyp duran howp, ine, şol. Hökümetiň hem şu wagta çenli munuň garşysyna gören bir güýçli çäresi ýok".
XS
SM
MD
LG