Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenler syýasat we sungat barada


Türkmen bedewine bagyşlanyp Aşgabatda gurnalan sergiden käbir milli ekponatlar. Aşgabat 26-njy aprel, 2013.
Türkmen bedewine bagyşlanyp Aşgabatda gurnalan sergiden käbir milli ekponatlar. Aşgabat 26-njy aprel, 2013.
Azatlyk Radiosynyň “Dünýä türkmenleri” atly nobatdaky gepleşiginde Eýranyň Türkmensähra ülkesiniň käbir wekilleri bilen Eýranda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň ol ýerdäki türkmenleriň durmuşyna ýetirmegi mümkin täsirleri barada söhbet edilýär.

Mundan daşary, owganystanly türkmen işewürlerinden biri Eziz Sadyk bilen Owganystandaky “Türkmen Şuranyň” alyp barýan işleri hem-de Balh welaýatyndaky türkmenleriň ykdysady durmuşy barada gürrüň edilýär.

Şeýle-de, bu gepleşikde türkmenistanly howesjeň dörediji Akmuhammet Baýhan bilen gysgajyk söhbetdeşlik we onuň täze goşgulary diňleýjilere hödürlenýär.

Şu “Dünýä türkmenleri” gepleşigini diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG