Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bozbeý: "Türkmenistandan algymy alyp bilemok"


Aşgabatdaky türkmen-türk banky.
Aşgabatdaky türkmen-türk banky.
Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül üç günlük resmi sapar bilen Türkmenistana bardy. Bu saparyň dowamynda liderler dürli meseleler, şol sanda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşarlar.

Ykdysady gatnaşyk diýlende, mundan birnäçe ýyl ozal Türkmenistana işlemäge baran, işläp, algylaryny alyp bilmän ýurtdan çykarylan, şu sebäpden hem halkara sudlara ýüz tutandygy aýdylýan käbir türk şereketleriň ýagdaýy nähili boldyka diýen sorag ýada düşýär.

Azatlyk Radiosy şol şereketlerden biriniň eýesi Faruk Bozbeý bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Bozbeý, Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül üç günlük sapar bilen Türkmenistana bardy. Bilşimiz ýaly siziň hem Türkmenistan bilen araňyzda käbir problemalar bardy. Bu üç günlük sapardan siz nämelere garaşýarsyňyz?

Faruk Bozbeý: Biz Türkiýäniň prezidentiniň bu problemalary çözmäge içgin gatnaşmagyny, hakykatdan, arzuw edýäris. Türkmenistanda zyýana uçran türkiýeli potratçylar bilen Türkiýäniň prezidenti ýakyndan gyzyklanýar. Ýöne Türkmenistan soňky üç ýylyň dowamynda beren sözleriniň hijisinde durmady.

Türkmenistanda zyýana uçran türk işewürleri, şol sanda men hem, bu problemalar babatynda Aşgabat bilen dostlukly ylalaşyga gelmek, düşünişmek hem-de Türkmenistanda çeken zyýanymyzyň öwezini dolmak üçin ençeme gepleşikler geçirdik. Hem Türkiýäniň prezidenti, hem-de biz bu gepleşiklerden bir netije almagy arzuw edýärdik.

Türkmenistanyň prezidentiniň hem bu işiň dostlukly çözülmegi üçin türkiýeli işewürleriň Türkmenistanda uçran zyýanlarynyň öwezini dolmak babatynda görkezmeler berendigini eşitdik. Ýöne häzirki güne çenli hiç hili ylalaşyga gelinmedi.

Enşalla, Türkiýäniň prezidentiniň Türkmenistana edýän bu sapary problemalaryň çözülmegine kömek eder. Bu iş bilen Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowyň özi gyzyklanmaly. Şeýle edilen ýagdaýynda bu iş çözler, ýogsam ondan pesdäki ýolbaşçylar bu işi çözüp bilenoklar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Faruk Bozbeý, bu agzaýan problemalaryňyz barada gysgaça gürrüň beräýseňiz? Şol problemalar nämelerden ybarat?

Faruk Bozbeý: Bu problemalar Türkmenistana baran, şol ýerde işläp, zawod-fabrik guran men ýaly türk işewürleri bilen baglanyşykly. Şol işewürler Türkmenistanda nähak ýerden, her dürli bahanalar bilen, käbirleri döwlete salgyt tölemedi bahanasy bilen, käbirleri bolsa başga bahanalar bilen tussag edildiler, türmä basyldylar. Maly-mülki, maýa goýumlary ellerinden alyndy.

Bu sebäpli türk işewürleri sud işlerini gozgadylar. Meselem, men hem suda ýüz tutdum. Men birinji sud işimde hakly hasaplanyp, üstünlik gazandym. Emma ikinji sud ýüzlenmäm entäk soňuna ýetmedi. Ol şu wagt hem dowam edýär. Menden başga-da zyýana uçran türk işewürleriniň 12-14 sanysy sud işine ýüz tutdy. Bu sud işleriniň hemmesini hasaplanymyzda, olaryň umumy möçberi 1 milliard dollardan geçýär.

Türkmenistan Halkara sud kanunlaryna görä, bu pullary iru-giç tölemeli bolar. Muňa garamazdan, hem türkiýeli işewürler, hem-de Türkiýäniň prezidenti bu problemalaryň dostlukly çözülmegini isleýär. Şeýle bolmagyny hemmämiz isleýäris. Emma Türkmenistan tarapy dostlukly çözülmegini islemeýär. Şonuň üçin hem problemalar dowam edýär.

Azatlyk Radiosy: Bu problemalar nähili başlady? Şol problemalaryň başlanmagyna sebäp bolan takyk bir zat bolupdymy?

Faruk Bozbeý: Ýok, Türkmenistanda adamlara garşy dildüwşük gurýarlar, bir bahana tapýarlar-da, işewüriň elinden zawod-fabrigini alýarlar. Meniň elimden hem firmamy, desgalarymy, mal-mülkümi aldylar. Ýagny, her hili zyýana uçratdylar. Munuň her dürli sebäpleri bar. Meselem, Türkmenistandaky käbir ministrler para-peşgeş isleýärler.

Şol para-peşgeşi bermeseň-de, saňa garşy dildüwşük gurnaýarlar. Şol dildüwşügiň netijesinde hem salgyt gullugynyň, polisiýanyň, prokuraturanyň işgärlerini üstüňe ugradýarlar. Şondan soň türk işewürleri näme etjegini bilenoklar. Olaryň käbirleri gaçýar, käbirleri hem türmä düşýär. Şeýdip, olaryň köpüsi hem nähak ýere zyýana uçraýar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Bozbeý, siz takmynan 12-14 töweregi türk potratçysynyň şeýle problemalara uçrandygyny we olaryň gozgan sud işleriniň hem häzirki wagtda dowam edýändigini aýtdyňyz. Bu agzaýan potratçylaryňyzdan başga hem häzirki wagtda Türkmenistanda iş alyp barýan türk şereketleri-de bar. Näme üçin agzaýan bu problemalaryňyz olary däl-de, sizi zyýana uçratdy?

Faruk Bozbeý: Olara täsirini ýetirmezliginiň sebäbi, Türkmenistandaky býurokratlaryň käbirleri olar bilen hyzmatdaşlyk edip, türk işewürleriniň edýän işleriniň belli bir prosentini alýarlar. Munuň başga usuly ýok. Eger pul berseň, işiň dowam edýär, bermeseň, onda seniň öňüňde problema döredýärler. Hemme zat şondan ybarat.

Azatlyk Radiosy: Siziň gozgan sud işleriňiz nähili we nirelerde dowam edýär?

Faruk Bozbeý: Meniň gozgan sud işlerim bir ýylyň dowamynda tamamlanar. Bir ýylyň içinde Türkmenistan gaty uly pullary tölemeli bolar. Kompensasiýa, ýagny çeken zyýanymyzyň öwezini dolmaklaryny sorap, suda ýüz tutdum.

Azatlyk Radiosy: Kompensasiýa diýeniňizde näçeräk puly göz öňüne getirýärsiňiz?

Faruk Bozbeý: Bu sud işleriniň jemi möçberi 1 milliard dollardan geçýär.

Azatlyk Radiosy: Jenap Bozbeý, bu aýdýan problemalaryňyz, şol barada gozgan sud işleriňiz haýsy ýyllary öz içine alýar?

Faruk Bozbeý: Bular 2004-nji ýyldan başlap, şu güne çenli bolan aralygy öz içine alýar.

Azatlyk Radiosy: Bu problemalar barada Türkmenistanyň dolandyryjylary, resmileri bilen hem gepleşikler geçirdik diýdiňiz. Mundan netije bolmadymy?

Faruk Bozbeý: Ýok, bir aýdýan zatlary beýleki aýdýan zatlary bilen gabat gelenok. Wagt geçirýärler. Biz ederis, çözeris diýýärler. Bizem, eger-de siz bu problemalary çözmek isleseňiz, bir ýuriste, öz wekiliňize görkezme berersiňiz, olar hem biziň bilen bir stoluň maşyna geçip, bu problemalary çözerler diýýäris. Emma olar bular ýaly edenoklar.

Bize Aşgabada geliň, Aşgabatda gepleşeli diýýärler. Aşgabada hiç kim gitmeýär. Adamlar Aşgabatda bir problema dörederler, başymyza bir iş salarlar diýip, ol ýere gitmäge gorkýarlar. Biz bitarap ýerde, Türkiýede-de bolmasa-da, Ženewada bolýarmy, ýa Şweýsariýada, ýa-da Awstriýada [gepleşik geçirmäge taýýar].

Türkmenistanyň prezidentiniň görkezmesi bilen ýurduň ýolbaşçylaryndan biri gelsin, şeýle-de Türkmenistanyň amerikan ýuridik firmasy bar, şonuň ýuristleri bilen biziňkiler bir stoluň başynda otursynlar we bu problemalary çözsünler. Eger Türkmenistan bu problemalary çözmek islese, onda bu gozgalan sud işleriniň hersi iki günde çözler.
XS
SM
MD
LG