Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda bildiriş ýetmezçiligi duýulýar


Aşgabatdaky bir bildiriş
Aşgabatdaky bir bildiriş
5-nji iýunda Aşgabadyň “Teke bazaryndaky” ýolagçy awtoterminaldan Türkmenbaşy şäherine tarap ilkinji awtobus ugrady. Şol terminalyň işgäriniň aýtmagyna görä, şol gün awtobus diňe bir ýolagçy bilen ýola çykypdyr.

Terminalyň işgäriniň sözlerinden çen tutsaň, onda munuň sebäbi adamlaryň şeýle gatnaw marşrutynyň ýola goýlanlygyndan bihabarlygy bolmaly. Aýdylyşyna görä, bu marşrutyň açylandygy baradaky habaryň bildirişi diňe 4-nji iýunda “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde ors dilinde çap edilen habar bilen çäklenilipdir.

Bu ugur boýunça transport gatnawy tomus aýlarynda hasam möhüm, sebäbi dynç almaga gidýan adamlaryň uly bir bölegi Hazaryň kenaryna gidýärler. Tomus aýlarynda bu ugra uçar hem otly biletlerini tapmak bolsa gaty kyn.

Maglumat ýetmezçiligi

Hökümet tarapyndan hödürlenýän täze hyzmatlar ýa-da geçirilýän çäreler barada ilat köpçüligine maglumat bermekde goýberilýän kemçilikler diňe bir Aşgabat-Tarkmenbaşy-Aşgabat täze awtobus gatnawynyň açylyşy bilen bagly bolan säwlik däl.

Ýurtda geçirilýän sport ýaryşlarynda hem şuňa meňzeş ýagdaýlar göze ilýär. Häzir ýurtda futbol boýunça milli çempionatyň duşuşyklary geçirilýär. Emma Aşgabatda geçirilýän futbol duşuşyklarynyň nirede we haçan geçirilýändigi barada köpçülik ýerlerinde bildirişler ýok.

Diňe paýtagtyň Köpetdag stadionynyň derwezesinde şol stadionda geçiriljek duşuşyk barada bildiriş asylýar. Şeýle-de ýaryşlaryň geçiriljek ýerleri we wagty barada hem telekanallarda bildiriş äheňinde berilýän maglumatlara duş gelmek kyn.

Futbol oýunlaryna az sanly tomaşaçylar gelýär
Futbol oýunlaryna az sanly tomaşaçylar gelýär
“Sowet döwründe köpçülik ýerlerinde sport ýaryşlarynyň ýörite afişalary asylýardy. Olarda ýaryşyň geçirilýän ýeri we wagty görkezilýärdi. Bu bolsa şol ýaryşlara tomaşa etmäge barýan adamlaryň sanyny köpeldýärdi” diýip, paýtagtly futbol janköýeri, 52 ýaşly Bekmyrat aýdýar.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki döwürde dowam edýän futbol boýunça milli çempionatyň duşuşyklaryna barýan tomaşaçylaryň sanynyň azlygynyň bir sebäbini oýunlaryň reklamasynyň ýetmeýänliginden görýänler hem bar.

Beýleki çäreler

Bu hili ýagdaý ýurtda geçirilýän medeni çäreler babatynda hem gabat gelýär. Geçen ýyldan bäri ýurduň teatrlarynyň we kinoteatrlarynyň repertuarlary hem gazetlerde çap edilenok. Ýogsam, öň bu hili bildirişler her hepdede merkezi gazetlerde çap edilýärdi.

Netijede, mahabat işiniň ýeterlik bolmandygy sebäpli, 5-nji iýunda açylan Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat awtobus marşruty ýaly täzelikler ýa-da dürli çäreler barada paýtagtlylar köplenç halatda biri-birinden eşidişip, habarly bolýarlar.

Il içinde bu ýagdaýa gürrüňler, kähalatda bolsa “myş-myşlar” diýlip at berilýär. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda daşary ýurtlarda giňden ýayran, köçelere bildiriş tagtalaryny asmak ýaly usullara hem o diýen köp duş gelinmeýär. Döwlet eýeçiligindäki telekanallarda, gazetdir, beýleki metbugat serişdelerinde hem reklama aheňli bildirişler örän az.

Awtobus duralgasyna ýelmenen bildiriş
Awtobus duralgasyna ýelmenen bildiriş
Emma şol bir wagtyň özünde-de soňky döwürlerde awtobus duralgalarynda reklama mazmunly käbir bildirişler hem peýda bolup başlady. Munuň ýaly bildirişler köplenç halatda degişli edaralardan birugsat asylýar.

Şeýle ýagdaýda Aşgabadyň awtoterminalynyň işgärleri Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat marşrutynyň açylandygy baradaky maglumatyň halk arasynda bu habaryň dilden dile ýaýrap, halk köpçüligine ýetmegine garaşýarlar.
XS
SM
MD
LG