Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Gel, çüýşämizi çalyşaly


Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy.
Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrow uzak hem-de manyly ýaşady. Ol 93 ýaşynda aradan çykdy. Ýaşy 90-dan aganda-da Çary aganyň göwni ýaşdy. Köňlünde jahyl höwesi bardy.

Meýlis-şagalaňy söýýän adamdy. Şonuň ü çinem aýda birküç sapar halyndan habar tutmaga baranymyzda ýanymyz bilen bir çüýşe arak-şerabam alyp barardyk. Halypanyň oňa zarlygy ýokdy.

Bu biziň hormat-sylagdan nyşan hökmünde eltýän zadymyzdy. Her gezek öýüne baranyňda saglyk-amanlyk soraşandan soňra:

- Tentek (bu onuň aşa hormat goýýan şägirtlerine degşip ýüzlenişidi), ýanyň bilen arak alyp geldiňmi? - diýip sorardy.

“Hawa” diýen jogabyňy eşidibem: Stoluň arka ýüzünde bir çüýşe arak durandyr. Ony al, öz sumkaňa sal! Getiren çüýşäňi onuň ýerinde goý! Ogulnabat gelnejeň (aýaly) nahar-tagam getirenden soňra stoluň üstünde goýarsyň - diýerdi. Bu teklip”, “talaby” her gezek eşidýänem bolsak, halypamyzy gepletmek üçin:

- Arak arakdyr-da, ony çalyşmagyň näme zerurlygy bar? – diýip sorardyk. Ol ýalandan çyna berimsiz “gaharlanardy”. Soňra-da:

- Sen tentek-dä! Adamyň öz zadyny gysganýandygyny, özgäň zadyna tarhandöker, sahydygyny bileňok-da. Ine, sen meniň aragymy, menem seniň aragyňy ysganman. “Şunuň aragyny içip gutaraýyn” diýip, kast edip içeris. Aýdylan bilen bol, tentek - diýip, “gatyrganardy”.

Türgenleşik

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty, belli edebiýat terjime çisi Annaly Berdiýewiň (il içinde ýörgünli ady Anton) aýaly Raýa gelneje (milleti tatar) SSSR döwründe-de, Garaşsyzlyk ýyllarynda-da uzak ýyllap Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň bilim bölümine ýolbaşçylyk etdi.

Raýa gelneje tanyşlyk, para-peşgeş bilen işini düzetjek bolýan adamlary ýek ýigrenýärdi. Onuň bu häsiýetinden bihabar şahyr hem-de alym Ahmet Mämmedow Raýa gelnejäniň iş ýerine baryp:

- Agtygymy çagalar bagyna ýerleşdirmäge kömek ediň! Ylymlar Akademiýasynda işleýänem bolsam, menem Anton ýaly ýazyjy, ikimizem SSSR Yazyjylar birleşiginiň agzasy, onuň dosty - diýip, hem özüni tanyşdyrypdyr, hem-de aýyşyny aýdypdyr.

Ahmediň Antonyň adyna bukulyp, haýyşyny bitirjek bolşuna gahary gelen Raýa gelneje:

- Sen ýene kimiň dosty - diýip, aýagyndaky köwşüni çykaryp, eli köwüşli Ahmediň üstüne topulypdyr. Soňky deminde Raýa gelnejeden gaçyp gutulan Ahmet ýüzüni ak tam edip, Antonyň işleýän ýerine “Sowet edebiýaty” (häzirki
“Garagum”) zurnalynyň redaksiýasyna geldi. Bolan wakany gürrüň berdi. Häsiýeti babatda ýuwaştap Anton:

- Zalym mongol-tatar basybalyjysynyň nesli agşam öýde turuzjak gohuna türgenleşik-repetisiýa geçdi diýsene - diýip, elini agzyna tutup, esli salym şyg-şyglap güldi.

Dat, adyny tutma

Şahyr Sapar Öräýew öz bähbidini arap, adamlar bilen dostlaşýan adam. Bu dostlyk” onuň işi bitýänçä dowam edýär. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda ol meniň bilen “dostdy”. Bir gezek onuň awtoulagynda okyjylar bilen
duşuşukdan öwrülip gelýän wagtymyz:

- Sen ýaş ýigit, uly wezipäň bar. Adamlaryň dostsyraýanyna ynanma! Olar wezipäňden peýdalanyp, işini bitirmek üçin il ýüzüne dost bolan bolýarlar. Ýeňsäňden bolsa gybatyňy edýärler. Adyny tutup oturmaýyn, sen bilen dostsyraýanyň biri bir meýlisde seniň gybatyňy etdi - diýdi.

Men Saparyň kimler bilen ham- çam bolýanyna beletdim. Şonuň üçinem:

- Onuň kimdigini aýdaýynmy? - diýdim. Öz “gizlin habarynyň" gybat edene ýetmeginden gorkan Saparyň dabanynyň aşagyna köz basylana döndi. Ol:

- Dat, adyny tutma! Göni üstünden barsaň, men “Yok, ol däl diýip bilmen - diýdi.
XS
SM
MD
LG