Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýedäki talyplar üçin maliýe hemaýaty


"Türkiýe Burslari" programmasynyň resmi websahypasyndan bir bölek.
"Türkiýe Burslari" programmasynyň resmi websahypasyndan bir bölek.
Türkmenistanda soňky jaňlar kakyldy. Mekdebi tamamlan ýaşlarymyz hem ellerine orta mekdep şahadatnamasyny aldylar. Indi ýaşlaryň öňünde: ”Haýsy ýokary okuw jaýyna ýerleşsem?” ”Türkmenistandamy ýa-da daşary ýurtda okasamkam?” diýen ýaly soraglar keserýär.

Azatlyk Radiosyna gelip gowuşýan islegleri göz öňünde tutup, biz bu ýyl hem ýokary okuwyny daşary ýurtlarda okamak isleýän we bu ugurda dürli mümkinçilikler, şol sanda stipendiýa mümkinçilikleri barada maglumat gözleginde bolan ýaşlar üçin her hepde bilim barada ýörite gepleşikleri hödürläris.

Bu hepde Azatlyk Radiosy “Türkiye Burslari” programmasy barada has dolurak maglumat almak üçin agzalýan programmanyň daşary ýurt studentler bölüminiň eksperti Hasan Er bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Hasan Er, ilki bilen ”Türkiýe Burslari” programmaňyz barada gürrüň beräýseňiz?

Hasan Er: “Türkiýe Burslari” ýurdumyzda ýokary bilim aljak ýaşlara stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürleýän programmadyr. Bu programmanyň çäginde hünärmençilik mekdebi, ýokary okuw, aspirantura, doktorantura ýaly ugurlar boýunça okamak isleýänlere stipendiýa hödürlenýär.

“Türkiýe Burslari” programmasynyň maksady Türkiýe bilen beýleki ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary özgertmekden ybaratdyr. “Türkiýe Burslari” programmasy boýunça synaglardan geçen studentler saýlan ugruna görä Türkiýäniň üniwersitetleriniň birinde okuwa ýerleşdirdiler we okuwyny tamamlaýança, stipendiýaly okuw mümkinçiliklerinden peýdalanar.

Ýagny, biziň programmamyz esasynda ýokary bilim almak isleýän studentiň tabşyran dokumentleri edaramyz tarapyndan kabul edilen bolsa, onda student bir ýyl türkçe dil kursuny hem-de ýokary okuw jaýyny tamamlaýança, jemi bäş ýyl doly stipendiýadan peýdalanar.

Doly stipendiýa diýdigim, student uniwersitete ýerleşip, okuwyny doly tamamlaýança, hiç hili pul tölemeýär. Şeýle-de, student ýokary okuwyny tamamlaýança, umumy ýaşaýyş jaýynda mugt galýar. Ondan başga-da studente Türkiýede okaýan döwri her aý stipendiýa berilýär. Ýagny, ýokary okuw jaýynda okaýanlar üçin takmynan $300, aspiranturada okaýanlar üçin $450 we doktoranturada okaýanlar üçin $475 möçberinde maliýe kömegi berilýär.

"Türkiýe Burslari" programmasynyň resmi websahypasy.
"Türkiýe Burslari" programmasynyň resmi websahypasy.
Studentler okuwyny tamamlaýança, saglyk ätiýaçlandyryşlary bilen hem üpjün edilýär. Ondan başga-da studentler ilkinji gezek Türkiýä gelenlerinde hem-de okuwyny tamamlap yzyna dolananlarynda, olaryň ýol çykdajylary “Türkiýe Burslari” tarapyndan tölenýär.

Azatlyk Radiosy: Studentler siziň programmaňyza dokumentlerini nähili tabşyrmaly?

Hasan Er: Biziň programmamyza ýylda iki sapar dokument tabşyryp bolýar. Olaryň birinjisi bahar möwsüminde, ýagny aspirantura we doktorantura üçin mart, ýokary okuw we hünärmençilik mekdepleri üçin maý aýynda online dokumentler kabul edilýär.

Ikinjisi bolsa güýz möwsüminde, ýagny sentýabr we oktýabr aýlarynda kabul edilýän dokumentlerdir. Bu programmamyz “Üstünlik stipendiýasy” diýip atlandyrylýar. Bu programmamyza Türkiýede öz hasabyna okap ýören studentler dokumentlerini tabşyryp bilerler.

Dokumentleri tabşyrmak internetden online görnüşinde geçirilip, onda studentlerden degişli dokumentler soralýar. Student dokumentlerini tabşyryp, tassyklaýan düwmesine basansoň, dokumentleri “Türkiýe Burslari” programmasy tarapyndan gözden geçirilýär.

Azatlyk Radiosy: Ýaňy belläp geçen “Üstünlik stipendiýasyna” dokument tabşyrmagyň belli düzgünleri barmy?

Hasan Er: Ilki bilen belläp geçmek isleýän zadym, Türkiýede öz hasabyna okaýan islendik student “Üstünlik stipendiýasyny” almak üçin dokumentlerini tabşyryp biler. Ýöne bu stipendiýaly programma dokument tabşyrmagyň belli bir şertleri bar.

Türkiýede baha sistemasy - edil Ýewropadaky ýaly, ýagny iň ýokary baha ortaça dört diýlip hasaplanýar. Şeýlelikde Türkiýede okap ýören türkmen studentleri hem agzalýan stipendiýany almak üçin dokumentlerini tabşyranlarynda, olaryň ortaça bahasynyň 2,5 ýa-da ondan ýokary bolmagyna garaşylýar.

Şeýle-de “Üstünlik stipendiýasyna” dokument tabşyrjak studentleriň 25 ýaşdan aşak bolmagy-da bir şert. Ýöne bu şertler her ýyl üýtgäp durýar. Öňümizdäki güýz möwsümindäki “Üstünlik stipendiýalary” üçin entek şertler takyklaşdyrylmady. Şonuň üçin biz studentlere her ýyl biziň websahypamyzy yzarlap durmagy maslahat berýäris.

Azatlyk Radiosy: “Üstünlik stipendiýasyny” gazanan studentler nähili mümkinçiliklerden peýdalanyp bilýärler?

Hasan Er: Bahar möwsüminde kabul edilen studentler üçin nähili mümkinçilikler hödürlenýän bolsa, güýz möwsüminde “Üstünlik stipendiýasyny” gazanan studentlere hem şol mümkinçilikler berilýär. Ýagny, studentiň uniwersitetiniň, umumy ýaşaýyş jaýynyň tölegi bir ýyl biziň programmamyz tarapyndan tölenýär we her aý hem beýleki studentlere berlişi ýaly, degişli okuwyna görä $300, $450, $475 aralygynda pul kömegi berilýär.

Azatlyk Radiosy: “Üstünlik stipendiýasyna” studentler haçan dokumentlerini tabşyryp bilerler?

Hasan Er: Biz täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen “Üstünlik stipendiýasy” üçin dokumentleri kabul edip başlaýarys. Ýagny, studentler sentýabr aýynda, uniwersitetleriň täze okuw ýylyna başlaýan döwri dokumentlerini tabşyryp bilerler. Şu ýyl hem sentýabr, oktýabr aýlarynda dokumentleri kabul edip başlarys.

Dokumentleri kabul edişlik bir aý dowam edýär. Bu programma islendik ýokary okuw jaýynda okaýan student öz dokumentlerini tabşyryp biler.
XS
SM
MD
LG