Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iň köp gazanýan ýaşlar


"Forbes" žurnalynyň Wietnamda çap edilen sany
"Forbes" žurnalynyň Wietnamda çap edilen sany
Ýakynda dünýä belli “Forbes” žurnaly “Iň köp gazanç edýän 30 ýaşyň aşagyndaky ýyldyzlar” atly sanawyny çap etdi. Bu sanaw geçen ýylyň iýun aýyndan başlap, 2013-nji ýylyň iýun aýyna çenli iň köp gazanç eden jemi 10 ýyldyzy öz içine alýar.
“Forbes” žurnalynyň çap eden bu sanawynda, geçen ýylky ýaly, bu ýyl hem ilkinji orny dünýä belli meşhur ýyldyz Lady Gaga eýeleýär.

Lady Gaga
Lady Gaga
Bu ýyl meşhur ýyldyz Gaga, adatça garry adamlara mahsus bolan, tejribäni başdan geçirdi. Ol budundan operasiýa bolansoň, daşary çykmak üçin özüne maýyplaryň arabajygyny taýýarlatdy. Bu adaty arabajyk däl, eýse daşyna 24 karatlyk altyn çaýylan kolýaska.

Agzalýan websahypanyň bellemegine görä, Lady Gaganyň alyp baran bu çäreleri we onuň sosial ulgamlarynda gazanan meşhurlygy ony “Forbes” žurnalynyň diňe “Iň köp gazanç edýän 30 ýaşyň aşagyndaky ýyldyzlar” atly sanawynda ilkinji orny gazandyrman, eýsem bu žurnalyň “Dünýäniň iň güýçli ýyldyzlary” atly sanawynda hem ikinji orny eýelemegine sebäp boldy.

Jastin Biber
Jastin Biber
Lady Gaganyň geçen bir ýylyň dowamyndaky girdejisiniň takmynan 80 million amerikan dollaryna barabar bolandygy barada žurnalyň websahypasynda bellenýär. “Forbes” iň köp gazanç edýän 30 ýaşyň aşagyndaky ýyldyzlar” atly sanawynda ikinji oruny dünýä meşhur aýdym-saz ýyldyzy Jastin Biber eýeleýär. Onuň geçen ýylyň dowamyndaky girdejisiniň takmynan 58 million amerikan dollaryna barabar bolandygy bellenýär.

Bu sanawda 23 ýaşly aýdymçy hem-de aýdymyň sözlerini ýazyjy Teýlor Swiftiň, girdejisi boýunça Bibere gaty ýakynlaşyp, geçen ýylyň dowamynda takmynan 55 million amerikan dollaryna barabar girdeji gazanandygy aýdylýar.

Teýlor Swift
Teýlor Swift
Teýlor Swiftiň soňky albomynyň ady “Red”. Köpçülige ýetirilen ilkinji hepdesinde ondan 1,2 million nusgasy satyldy. Şeýle-de, Swift ”Diet Coke”, ”Sony” we ”Cover girl” ýaly kompaniýalar bilen edýän hyzmatdaşlygyndan köp maliýe girdejisini gazanýar.
Agzalýan sanawda Teýlor Swifti öz 46 million amerikan dollarlyk girdejisi bilen aýdymçy, prodýuser hem-de Dj Calvin Harris garama-gara yzarlaýar.

“Forbes” žurnalynyň “Iň köp gazanç edýän 30 ýaşyň aşagyndaky ýyldyzlar” atly sanawynda geçen ýylyň dowamynda gazanan 43 millionlyk girdejisi bilen Barbadosda doglan ýyldyz Rihanna bäşinji orny eýeleýär.

Rihana esasan bu serişdäni geçen bir ýylyň dowamynda geçiren 40 konsertinden we soňky albomy “Unapologeticiň” girdejisinden gazanypdyr. Rihannanyň soňky albomynyň “Diomonds” we “Stay” ýaly aýdymlary dünýäniň hit aýdymlarynyň arasynda ilkinji orunlary eýeledi.

Sanawda altynjy orunda 39 million amerikan dollarlyk girdejisi bilen Keýt Perri, ýedinji orunda 30 million amerikan dollarlyk girdejisi bilen Adele, sekizinji orunda 26 million amerikan dollarlyk girdejisi bilen “Golliwudyň” ýaş aktrisasy Jennifer Lawrence ýerleşdirilipdir.

“Forbes” žurnalynyň bu sanawynda dokuzynjy we onunjy orunlarda bolsa, aýry-aýrylykdaky 22 million amerikan dollarlyk girdejileri bilen, dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan “Twilight” filminiň baş zenan gahrymany Kristen Stewart we erkek gahrymanlarynyň biri Taylor Lautner ýerleşdirilipdir.

“Forbes” – amerikan biznes žurnalydyr. Onuň baş ştaby Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär. “Forbes” žurnaly dünýäniň ençeme ýurdunda, aýry-aýry dillerde hepdede bir sapar neşir edilýär. Bu žurnal esasan hem özüniň her ýyl çap edýän dünýä belli sanawlary bilen meşhurdyr. Olaryň arasynda “Dünýäniň iň baý adamlary”, “Golliwudyň iň köp gazanýan aktrisalary” ýaly sanawlar bar.
XS
SM
MD
LG