Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nobatlar – ‘çözülmedik meseleleriň sergisi’


Aşgabat: Häkimligiň öňündäki nobatlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:44 0:00

Aşgabat: Häkimligiň öňündäki nobatlar

Türkmenistanda döwlet, hökümet edaralarynyň, bilet ýa petek satylýan ýerleriň öňünde uzyn-uzyn nobatlaryň döreýändigi, bu nobatlarda adamlaryň hem wagtyny, hem saglygyny ýitirýändigi, emma hökümetiň bu meselä baş galdyrmaýandygy aýdylýar.

Internet asyrynda şeýle nobatlaryň barha köpelmeginiň sebäbi ýa sebäpleri näme? Näme üçin ol nobatlary düzgünleşdirmek, kadaly ýagdaýa salmak şeýle gijikdirilýär?
Ýerli synçylar bu meseläni çözmegiň mümkindigini, ýöne oňa hökümet derejesinde baş galdyrmalydygyny aýdýarlar.

Bu baradaky söhbete ýerli synçylar, syýasy aktiwist Nurberdi Nurmmämet, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, žurnalist Soltan Açylowa, Şwesiýada ýaşaýan oppozisioner Hudaýberdi Orazow gatnaşdy.

Söhbeti diňläp, çekişmä goşulsaňyz, pikirleriňizi ýazsaňyz, Türkmenistanda bar diýilýän kynçylyklaryň azalmagyna belli derejede täsir ýetirmegiňiz mümkin, pursaty elden bermäň.

XS
SM
MD
LG